«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatyndaky «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň bölümlerinde şu ýylyň başyndan bäri ýokary görkezijiler hasaba alyndy. Müdirligiň Balkanabat toplumlaýyn geofiziki ekspedisiýasynyň gazanan üstünlikleri bolsa, aýratyn bellärliklidir.
2026-njy ýylyň başyndan bäri bu ekspedisiýanyň hünärmenleri öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý edýärler. Olaryň ýerine ýetiren gözleg-barlag we geofiziki işleriniň göwrümi, takmynan, 2 million 460 müň manada barabar boldy. Bu bolsa bellenilen meýilnamanyň 109,8 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar.
«Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň ýerli bölümleri burawlanan we özleşdirilýän guýularda ýeriň geofiziki gatlaklaryny öwrenmek, şeýle hem zerur çäreleri takyk amala aşyrmak işlerini alyp barýarlar. Ussat hünärmenler ulaglaryň üstünde gurnalan göçme barlaghanalary, şeýle hem öňdebaryjy tehnologiýalary we enjamlary netijeli ulanýarlar. Bu barada turkmennebit.gov.tm saýtynda habar berilýär.
PDF









