24-nji okt­ýabr­da «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň hü­när­men­le­ri­niň maş­ga­la­la­ry üçin ni­ýet­le­nip gur­lan her bi­ri 16 ho­ja­ly­ga ni­ýet­le­nen iki gat­ly, iki sa­ny döw­re­bap ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy.
Tä­ze jaý­la­ra gö­çüp ge­len maş­ga­la­la­ra öý­le­riň aça­ry, şeý­le hem bu bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da has ta­pa­wut­la­nyp zäh­met çe­ken gur­lu­şyk­çy­la­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan sow­gat­la­ryň da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­dy. Äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny, kon­ser­niň «Ne­bit­gaz­bu­raw­la­ýyş» tres­ti­niň bu­ýur­ma­sy esa­syn­da «Ne­bit­gaz­çy­ka­ryş» tres­ti­niň «Ýö­ri­te­gur­lu­şyk­gur­na­ma» mü­dir­li­gi­niň hü­när­men­le­ri gur­du­lar.
Tä­ze jaý­la­ryň tö­we­re­gin­de mil­li ta­gam­la­ryň taý­ýar­la­nyp, folk­lor to­par­la­ry­nyň çy­ky­şy bol­dy, tä­ze dün­ýä inen bä­be­giň gar­şy­la­ny­şy, päl­wan­la­ryň gö­reş tut­ýan pur­sat­la­ry jan­lan­dy­ryl­dy. Bag­şy-sa­zan­da­la­ryň be­lent owaz­da aýd­ýan aý­dym­la­ry­nyň ýaň­lan­ma­gyn­da tä­ze öý­le­riň eýe­le­ri­ni gut­la­ma­ga ge­len myh­man­la­ra sa­çak ýa­zy­lyp, mil­li ta­gam­lar çe­kil­di. Toý dü­wün­çek­le­ri paý­lan­dy. Tä­ze jaý­lar­da iki, üç we dört otag­ly tä­ze öý­ler bar.

«Ne­bit­ga­zyl­my­tas­la­ma» ins­ti­tu­ty­nyň dur­ky tä­ze­le­nen bi­na­sy açyl­dy
Şeý­le hem «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň Bal­ka­na­bat­da­ky «Ne­bit­ga­zyl­my­tas­la­ma» ins­ti­tu­ty­nyň dur­ky tä­ze­le­nen bi­na­sy­nyň da­ba­ra­ly açy­ly­şy bol­dy. Bal­kan we­la­ýat hä­kim­li­gi­niň, «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň, ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz top­lu­my­nyň gün­ba­tar se­bit­de iş alyp bar­ýan dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­dyr hü­när­men­le­ri­niň, ýa­şu­ly nes­liň we jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň, Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň Bal­ka­na­bat bö­lü­mi­niň ta­lyp­la­ry­nyň, şeý­le hem köp san­ly ýa­şaý­jy­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da gu­ra­lan da­ba­ra­lar­da çy­kyş eden­ler dö­re­di­le­ni­ne 75 ýyl bo­lan bu ylym oja­gy­nyň döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň bin­ýat­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mä­ge go­şan go­şan­dy ba­ra­da buý­sanç bi­len gür­rüň ber­di­ler.
Ge­çen ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ins­ti­tu­tyň alym­la­ry ta­ra­pyn­dan yl­my-bar­lag iş­le­ri­niň iki müň üç ýüz­den gow­ra­gy, kän­le­ri teh­no­lo­gik taý­dan des­ga­laş­dyr­mak, gu­ýy gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ryň hem müň­den gow­ra­gy ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Oý­lap ta­pyş­la­ryň iki ýüz­den köp­rä­gi ha­sa­ba alyn­dy. Şu ýyl­la­ryň do­wa­myn­da bu ýer­de 25 müň çe­me­si yl­my ma­ka­la taý­ýar­la­nyp, 33 sa­ny yl­my işiň ýy­gyn­dy­la­ry çap edil­di. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň ýyl­la­ry için­de yl­my-teh­ni­ki iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ryň «Al­tyn ýyl­dyz» hal­ka­ra hil we kä­mil­lik baý­ra­gy­na, «Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň hal­ka­ra lau­rea­ty» ady­na my­na­syp bol­ma­gy bu baý­ry ylym oja­gy­nyň ge­çen şöh­rat­ly ýo­lu­na şa­ýat­lyk ed­ýär.
Me­de­ni­ýet we sun­gat us­sat­la­ry­nyň teatr­laş­dy­ry­lan sah­na­la­ry, küşt­dep­di tan­sy, ýe­ri­ne ýe­ti­ren döw­re­bap aý­dym-saz­la­ry, bag­şy-sa­zan­da­la­ryň be­lent­den ýaň­la­nan owaz­la­ry köp­çü­li­ge ru­hy lez­zet paý­la­dy. Bu ýe­re ýyg­na­nan­lar ins­ti­tut­da dö­re­di­len mu­ze­ýe-de aý­la­nyp gör­dü­ler. Se­bit­dä­ki kän­ler­den alyn­ýan ne­bi­tiň, bu­raw iş­le­rin­de ula­nyl­ýan er­gin­le­riň gör­nüş­le­ri, şo­nuň ýa­ly-da we­la­ýat­da bar bo­lan beý­le­ki te­bi­gy baý­lyk­la­ryň nus­ga­la­ry, alym­la­ryň eýe bo­lan sy­lag­la­ry uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di. Şeý­le-de çä­rä gat­na­şy­jy­lar 450-den gow­rak hü­när­me­ni özün­de jem­le­ýän ins­ti­tu­tyň iş otag­la­ry­nyň, ana­li­tik bar­lag­ha­na­la­ry­nyň hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän en­jam­lar­dyr til­si­mat­lar bi­len üp­jün edi­len­di­gi­ne göz ýe­tir­di­ler. Dag jyns­la­ry­nyň li­to­kol­lek­tor­lyk, mi­ne­ra­lo­gik dü­zü­mi­ni, gur­luş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny, gat­lak flýuid­le­ri­niň fi­zi­ki, hi­mi­ki, ha­ryt­lyk ne­bi­tiň reo­lo­gik hä­si­ýet­le­ri­ni, kor­ro­zi­ýa tiz­li­gi­ni, bu­raw we tam­po­naž er­gin­le­ri­niň teh­no­lo­gik gör­ke­zi­ji­le­ri­ni öw­ren­mek üçin or­naş­dy­ry­lan kä­mil en­jam­la­ryň gel­jek­de bu ýer­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni ga­zan­ma­ga aý­gyt­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­jek­di­gi­ni hem aý­ra­tyn nyg­ta­mak ge­rek. Ins­ti­tu­tyň dur­ku­ny tä­ze­le­mek işin­de gö­rel­de­li zäh­met çe­ken gur­lu­şyk­çy­la­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan sow­gat­lar da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­dy. Da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da ins­ti­tu­tyň mej­lis­ler za­lyn­da ho­şal­lyk mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di.