Güýz paslynyň gelmegi bilen, ýagny howanyň sowap başlamagy bilen balyk möwsümi hem başlanýar. Köpler ýakynyndaky akar suwlara ýa-da köllere balyk tutmaga gidýärler. Köpler bolsa restoranlara baryp, balykdan taýýarlanýan tagamlary lezzet bilen iýýärler. Ýokary hilli belok çeşmesi bolan balyk güýz paslynyň gelmegi bilen iň köp iýilýän iýmitleriň birine öwrülýär.
Saglyga peýdasy
Iýmit önümleriniň arasynda saglyk üçin iň peýdalylarynyň biri hem balykdyr. Bilermenler balygy ýygy-ýygydan iýmegiň immuniteti güýçlendirýändigini belleýärler. Adamzat ýaşaýşynda ilkinji iýmitleriň biri hasaplanýan balyk beýniniň ösüşinden başlap, ýürek-damar ulgamyna, süňklere we derä öz oňaýly täsirini ýetirýär. Düzüminde Omega-3 ýag kislotasy saklanýan bu iýmit dartgynlylygy azaldyp, nerw damarlaryny köşeşdirýär. Şeýle hem görşi gowulandyrmaga ýardam edýär. Bilermenleriň bellemegine görä, suwuň düýbünde ýaşaýan balyklarda Omega-3 maddasy has dykyz saklanýar. Esasan hem, sardina, losos, tuna balyklary ýag kislotasyna örän baýdyr. Balygy diňe günortanlyk naharynda däl, eýsem, agşamlyk naharynda hem arkaýyn iýip bolýar. Sebäbi eti gylçykly bu iýmit aşgazanda tiz özleşip, energiýa alyş-çalşygyny ýokarlandyrýar. Şeýle hem kadaly uklamaga ýardam edýär.
Balygyň haýsy görnüşini iýmeli?
Soňky ýyllarda howdanlarda ýetişdirilýän emeli balygyň söwdasy has-da ýokarlanýar. Adatça balyklar deňiz balygy we süýji suw balygy diýen iki topara bölünýär. Balygyň hemme görnüşi hem saglyk üçin peýdalydyr. Bilermenleriň bellemegine görä, süýji suwda ýaşaýan balyklar saglyk üçin howpsuz hasaplanýar. Deňizde ýaşaýan balyklaryň käbirinde adamy zäherläp bilýän maddalar saklanýar. Şol sebäpli deňizden tutulan balygy tanaýan adamlar bilen maslahatlaşyp almaly we seresaply iýmeli. Lakga, karp (sazan, amur), ýylanbalyk, sudak ýaly balyklar iýmek üçin iň amatly balyklar bolup, osetrin (bekre), sardina, losos, tuna ýaly deňizde ýaşaýan gyzyl etli balyklar dünýäde iň gymmat balyklar hasaplanýar.
Dünýäde 35 müňden gowrak görnüşi bolan daşy teňňeli jandarlar derýadyr köllerden başlap, ummanlaryň dürli çuňluklarynda ýaşaýar. Uzynlygy 20 metre, agramy 34 tonna çenli ýetýän kit akulasy (rhincodon typus) balygyň iň uly görnüşi bolup, ululygy 10 millimetre ýetmeýän «schindleria brevipinguis» bilen «paedocypris progenetica» balygyň iň kiçi görnüşi hasaplanýar.
Balykdan kakatmak, gowurmak, buglamak we gaýnatmak arkaly dürli tagamlar taýýarlanylýar. Hytaý, Islandiýa, Norwegiýa, Koreýa Respublikasy, Portugaliýa we Ýaponiýa balygy iň köp sarp edýän ýurtlar hasaplanýar. FAO-nyň habaryna görä, her ýyl dünýäde 90 million tonnadan gowrak balyk we deňiz jandarlary tutulýar.