Amerikanyň Wirjiniýa ştatynda balykçylar agramy 379 kilogram bolan äpet tunes balygyny tutdular.
“High Hopes” atly balykçy gämisi bilen rekord derejeli aw awlandy. Gäminiň kapitany Dewid Raýt mundan ozal birnäçe günüň dowamynda şowsuzlyklaryň yzyny üzmändigini we hemişe balyksyz yzyna dolanmaly bolandyklaryny gürrüň berdi.
Raýt bagtyny kenardan has uzakda synamak kararyna gelende, uly göwrümli tunes çeňňege düşdi. Balygy gäminiň bortuna çykarmak üçin topara bir ýarym sagat töweregi wagt gerek boldy.
Balyk ölçenende, tunesiň uzynlygynyň 274 santimetrdigi, agramynyň bolsa Wirjiniýa ştatynyň resmi rekordyndan has ýokarydygy anyklandy. Kapitan gazanan üstünligi barada: “Bu diňe bir şowlulyk” diýip belledi.
PDF









