Dünýädäki ummanlardyr köllerde we derýalardyr akar suwlarda balygyň 33 müňden gowrak görnüşi ýaşaýar. Balyklaryň käbiri ýaşaýan şerti, daş görnüşi bilen tapawutlanýan bolsa, käsi ululygy, iýmitleniş aýratynlygy bilen görenleri haýran edýär. Suwda ýüzmäge ökde bu jandarlar adatça ýyrtyjy we ot iýýän görnüşlere bölünýär. Daşy teňňeli bu jandarlaryň arasynda gylyç balyk, miweçil balyk, älemgoşar balyk, şöhle saçýan balyk, «uçýan balyk», «aýna balyk» ýaly täsin görnüşleri hem bar. Dünýädäki balyklaryň käbiriniň uzynlygy 18 metre ýetýän bolsa, 8 millimetr ölçegdäki kiçijik balyklar hem bar. Gazetimiziň şu sanynda körpe okyjylary balyklaryň täsin görnüşleri bilen tanyşdyrmagy makul bildik.
Iň uly balyk
Kit akulasy (Whale shark) balyklaryň arasynda iň ulusy hasaplanýar. Uzynlygy 4 metrden 18 metre çenli ýetýän bu balyklar Awstraliýadaky tropik suwlarda ýaşaýarlar. Bedeniniň üsti ak menek-menek nagyşly bu gök balyklar ownuk deňiz jandarlary bilen iýmitlenýärler. Haýal hereket edýän äpet balygyň agzy örän uly bolup, iýýän iýmitini süzgüçden geçirýär. Diňe plankton we ownuk balyklar bilen iýmitlenýän kit akulasy adamlara howp salmaýar. Kit akulasyndan başga-da, akbalyk, Mekong lakgasy, alligator balygy, arapaýma balygyň iň uly görnüşleri hasaplanýar.
Zäherli «pökgüje balyk»
«Pökgüje balyk» ady bilen tanalýan «pufferfish» beden gurluşy we zäherliligi bilen suw jandarlaryndan tapawutlanýar. Bu balyga başgaça «iňňegarynly» balyk hem diýilýär. Bu balyklar köplenç adaty balyga meňzeş bolup, diňe üstüne howp abanandygyny duýan halatynda duşmanyny gorkuzmak üçin çişýär. Adatdaky ululykdan birnäçe esse çişmek üçin köp mukdarda suw bilen howany kabul edýär. Şeýlelikde, bularyň daşky görnüşi çişirilen topa meňzeýär. Bu balyklaryň köpüsinde tetrodotoksin (TTX) bar. TTX nerw öýjükleri we myşsalary dykyjy madda bolup, balyklaryň içege mikroflorasy tarapyndan öndürilýär. Pökgüje balygyň bedenindäki bu madda zäherli bolup, daş-töweregindäki janly-jandarlara howp salyp bilýär. Ummanlarda «iňňegarynly» balygyň 120-den gowrak görnüşi ýaşaýar. Bu balyklaryň uly gözleri bolup, gabaklary daşyna sallanyp durýar. Alty ýüzgüçli «pufferfish»-leriň köpüsiniň derisinde zäherlidigini alamatlandyrýan garamtyl menekleri hem bolýar. Ululygy 2,5 santimetrden 90 santimetre çenli aralykda üýtgeýän ýyrtyjy balygyň bu görnüşiniň 4 dişi we ýiti burny bolýar. Pökgüje balyklaryň esasy iýmiti oňurgasyz jandarlar we suwoty bolup, uluraklary leňňeçdir midiýalar, balykgulakdyr ownuk balyklar bilen hem iýmitlenýär.
«Ýöreýän balyk»
Adatça suw bolmasa balyk ýaşap bilmeýär. Balyklar gury ýerde ýaşaýan jandarlardan tapawutlylykda, žabralar arkaly dem alýarlar. Balygyň «Oxudercinae» görnüşi iýmit gözlemek üçin suwdan çykýar. «Ýöreýän balyk» ady bilen tanalýan bu jandarlar hažžyga meňzäp batganyň üstünde süýrenip ýöreýärler. Suwdan çykan wagty beýleki jandarlar ýaly howadan dem alýarlar. Bu balyklar Ýaponiýa, Hindistan ýaly ýurtlarda duş gelýär. Balygyň gury ýere çykmagynyň sebäbi deňiz kenarynda suw joşmasy we gaýtgyn sebäpli iýmitiň köp bolmagy bilen baglydyr. Bu täsin balyklaryň žabralary suwdan çykan wagty ýapylýar we açyk howada guramaýar. Dem almak üçin derisindäki deşijekler ýardam edýär.
Içi görünýän «aýna balyk»
«Aýna balyk» ady bilen tanalýan «kryptopterus vitreolus» içi görünýän beden gurluşy bilen beýlekilerden tapawutlanýar. Tailandyň endemik suw jandary hasaplanýan «aýna balyklar», esasan, Tailand aýlagynda we Kardom daglaryndaky derýa basseýnlerinde duş gelýär. Süýji suwda ýaşaýan bu balyklaryň 7-8 ýyl ömri bolup, inçe hem uzyn bedeni 12-15 santimetr töweregi bolýar. Agramynyň aşa ýeňil bolandygy sebäpli bu balygyň kellesinde deňagramlylygy sazlaýan barbell bar. «Aýna balyklaryň» içki beden agzalary kellesinde ýerleşip, içi görnüp duran bedenini oňurga süňki we gylçyklary emele getirýär. Daşyndan seredeniňde balygyň aňyrsynyň görünmeginiň esasy sebäbi bedeninde pigmentleriň ýoklugydyr. Ýagny bu balygyň bedeninde reňkleri emele getirýän öýjükler ýok. Şol sebäpli ol ak görünýär. Erkinligi söýýän «aýna balyklar» ýüzgüçsiz (torç) bolup, olara hereket etmäge guýrugy ýardam edýär. Pes akymly süýji suwda topar bolup ýaşaýan bu balyklar şadyýan we utanjaň häsiýete eýedir. Esasy iýmiti çybyn, liçinka, kiçijik gurçuklar bolan «aýna balygy» akwariumlaryň iň meşhur balyklarynyň biridir.
«Altyn balyk»
«Altyn balyk» akwariumda saklanýan ownuk we owadan reňkli balyklaryň bir görnüşidir. Ylmy ady «carassius auratus» bolan bu balyklaryň açyk mämişi, gyzyl we ak reňkli görnüşleri bar. Bedeni tegelek we kelleleri süýnmekden uly bolýar. Käbirinde uzyn ýüzgüçleri bolan «altyn balyklar» ýyly suwda, asuda şertde ýaşamagy halaýarlar. Akwariumda saklamak üçin amatly bolan bu balyklar ys alyp bilmeýärler. Ýelek ýaly owadan guýrukly bu balyklar çalt öwrenişýär we howa üýtgemesine çydamly hasaplanýar. Asly Hytaýdan gelip çykýan «altyn balygyň» uzynlygy 15-20 santimetre, agramy 100 gramdan 3 kilograma çenli bolýar. Aşgazany bolmadyk bu balyk dünýäniň köp ýurdunda iýmit üçin däl-de, bezeg maksady bilen köpeldilýär. Ýöne muňa garamazdan, käbir ýurtda bu balykdan dürli tagamlar hem taýýarlanýar. Ýatkeşligi güýçli bu balyklar 15 ýyla çenli ýaşaýarlar.