Kompýuterlerden «akylly» sagatlara çenli durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen «Bluetooth» simsiz tehnologiýalaryň biridir. Her gün diýen ýaly ulanylýan bu tehnologiýa iki ulgamy geçiriji ulanmazdan birikdirmäge we maglumatlary geçirmäge mümkinçilik berýär. Telefon bilen gulaklygyň arasynda göze görünmeýän köpri bolan «Bluetooth» häzirki wagtda «akylly» enjamlaryň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Gysgaça taryhy
Simsiz arabaglanyşykda öňe gitmäge mümkinçilik beren bu tehnologiýany ilkinji gezek 1994-nji ýylda «Ericsson» aragatnaşyk kompaniýasynyň niderland elektrik inženeri Jaap Haartsen oýlap tapýar. Ilkibaşda ýönekeý öýjükli telefonlary gysga aralykda biri-birine baglamak üçin işlenip düzülen bu tehnologiýanyň ady Daniýa şasynyň alyp baran düzgüninden gelip çykýar. Öz döwründe patyşa Harald dürli toparlary agzybirlikde birleşdirmek ukyby bilen tanalypdyr. «Bluetooth» tehnologiýasy hem dürli enjamlary birleşdirmek hyzmatyna eýe.
1998-nji ýylda «Bluetooth» ýörite gyzyklanma toparynyň (SIG) döredilmegi bilen bu tehnologiýanyň ösüşi çaltlaşýar. SIG «Intel», «Nokia», IBM we «Toshiba» ýaly iri kompaniýalary öz içine alýan we «Bluetooth» tehnologiýasynyň ulanylyş düzgünlerini kesgitleýän guramadyr.
Nädip işleýär?
«Bluetooth» radio tolkunlary arkaly işleýär. Az energiýa sarp etmek we gysga aralykda aragatnaşygy üpjün etmek üçin amatly bolan bu tehnologiýa 2,4 GGs ýygylyk zolagynda maglumatlary geçirýär. «Bluetooth»-yň işleýşi «tapyşmak» prosesine esaslanýar. Iki enjam biri-birini tapandan soň özbaşdak ýagdaýda birigýär. «Bluetooth» baglanyşygy 10 metr bilen çäklenýär, emma häzirki zaman görnüşlerinde 100 metre çenli aralykdan baglanýan nusgalary bar. Maglumat geçiriş tizligi (2 – 5.0 Mbit/s çenli) hem «Bluetooth»-yň nusgasyna görä üýtgeýär. «Bluetooth»-tehnologik enjamlaryň arasynda howpsuz aragatnaşygy üpjün edýär.
Nirede ulanylýar?
Häzirki wagtda kompýuterdir telefondan başlap, simsiz gulaklyklara we mikrofonlara çenli «Bluetooth» baglanyşygy bar. Soňky ýyllarda «akylly» öý ulgamynda hem bu tehnologiýa uly üns berilýär. Öýüň çyralaryndan başlap termostatlara çenli köp enjamy «Bluetooth» arkaly dolandyryp bolýar. «Akylly» sagatlarda, fitnes bilekliklerinde we lukmançylyk enjamlarynda hem bu tehnologiýa giňden ulanylýar. Her ýyl täze nusgalaryny we ösen amatlyklary hödürleýän «Bluetooth» tehnologik enjamlary ulanmakda köp babatda ýeňillik döredýär.