Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösýän pudaklary üçin täzeçil pikirlenmäge ukyply, ylmyň we bilimiň häzirkizaman gazananlaryndan oňat baş çykarýan, kärine ussat, giň gözýetimli, zähmetsöýer, ata Watanymyza we Gahryman Arkadagymyza wepaly ýaş hünärmenleri taýýarlamak meselesi möhüm orny eýeleýär.

Döw­le­ti­mi­ziň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň ny­şa­ny hök­mün­de mil­li ma­na­dy­my­zyň do­la­ny­şy­ga gi­ri­zil­me­gi öz­baş­dak dur­muş-yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty alyp bar­ma­ga we ber­kit­mä­ge, ba­zar gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mä­ge we has-da çuň­laş­dyr­ma­ga, oý­la­ny­şyk­ly pul-karz sy­ýa­sa­ty­ny iş­läp düz­mä­ge we ama­la aşyr­ma­ga ze­rur bo­lan amat­ly şert­le­ri dö­red­ýär.
Hä­zir­ki dö­wür­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň yg­ty­bar­ly bank ul­ga­my­ny dö­ret­mek döw­let sy­ýa­sa­tyn­da mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Bu ul­ga­myň dur­nuk­ly iş­le­me­gi ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň bäs­deş­li­ge ukyp­ly, dep­gin­li ösü­şi­ni üp­jün et­mek we dün­ýä yk­dy­sa­dy gi­ňiş­li­gi­ne go­şu­lyş­ma­gy üçin wa­jyp­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, bank ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň uzak­möh­let­le­ýin döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi, Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de bu ul­ga­myň tut­ýan or­nu­ny, bank işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni we yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.
Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na tap­gyr­la­ýyn ge­çi­ril­ýär. Bank­la­ry­ň bök­denç­siz iş­le­me­gi­ni, şeý­le hem tö­le­ge ukyp­ly­ly­gy­ny, yk­dy­sa­dy bäh­bit­le­ri­niň go­ral­ma­gy­ny we ila­tyň go­ýum­la­ry­nyň yg­ty­bar­ly go­rag­ly­ly­gy­nyň bol­ma­gy­ny üp­jün et­mä­ge de­giş­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li ma­na­dyň hüm­me­ti­ni dur­nuk­ly sak­la­mak, bank hyz­mat­la­ry­nyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek we hil taý­dan kä­mil­leş­dir­mek, müş­de­ri­le­re hö­dür­len­ýän hyz­mat­lar ul­ga­my­na dün­ýä tej­ri­be­si­niň öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry­ny we in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, pul se­riş­de­le­ri­niň ka­da­ly do­la­ny­şy­gy­ny üp­jün et­mek, ila­tyň er­kin pul se­riş­de­le­ri­ni önüm­çi­lik­de ma­ýa go­ýum­la­ry hök­mün­de ulan­mak üçin ma­li­ýe do­la­ny­şy­gy­na çek­mek bank ul­ga­my­nyň öňün­de dur­ýan esa­sy we­zi­pe­ler­dir.
Mil­li pu­luň ýe­ke-täk hüm­me­ti­niň sak­lan­ma­gy, ka­da­ly pul do­la­ny­şy­gy­nyň we ne­ti­je­li pul-karz sy­ýa­sa­ty­nyň al­nyp ba­ryl­ma­gy, bank­la­ryň yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ry­na gö­nük­dir­ýän karz­la­ry­nyň möç­ber­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy we iri möç­ber­li ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ryň ma­li­ýe­leş­di­ril­me­gi döw­let sy­ýa­sa­ty­myz­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­riň aý­dyň ny­şa­ny­dyr.
Hä­zir hal­ka­ra ma­li­ýe eda­ra­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar hem-de oňyn ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar. Hal­ka­ra pul gaz­na­sy, Bü­tin­dün­ýä ban­ky hem-de beý­le­ki ma­li­ýe eda­ra­la­ry yk­dy­sa­dy we ma­li­ýe syn­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň dep­gi­ni­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär­ler.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de bank işi­ni ka­da­laş­dyr­ýan ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da iş­le­nip dü­zül­di. Bank­la­ry­my­zyň döw­re­bap tä­ze in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan eda­ra bi­na­la­ry gu­rul­ýar, ola­ryň ma­li­ýe we teh­ni­ki-üp­jün­çi­lik bin­ýa­dy ber­ki­dil­ýär. Şeý­le hem bank ul­ga­my­nyň iş­gär­ler sy­ýa­sa­ty kä­mil­leş­di­ril­ýär, iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si ýur­du­myz­da we da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ril­ýän okuw­lar, mas­la­hat­lar we yl­my bäs­le­şik­ler ar­ka­ly yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ýar.
San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Prog­ram­ma üp­jün­çi­lik­le­ri iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ýar. Bank amal­la­ry­nyň san­ly ul­ga­ma ge­çi­ril­me­gi di­ňe bir hyz­mat­la­ryň gör­nüş­le­ri­ni kö­pelt­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, ola­ryň hi­li­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga, ha­sap­la­şyk­lar üçin sarp edil­ýän wag­ty azalt­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mun­dan baş­ga-da, bank­la­ra pu­luň do­la­ny­şy­gy­na gö­zeg­çi­lik et­mä­ge hem-de de­giş­li çöz­güt­le­ri ka­bul et­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bank eda­ra­la­ry­nyň ila­ta hö­dür­le­ýän «In­ter­net-bank», «Mo­bil bank», «Elekt­ron söw­da», «Gal­ta­şyk­syz tö­leg» we «Halk­bank ter­mi­nal» ul­gam­la­ry ar­ka­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän amal­la­ryň sa­ny art­dy­ryl­ýar we hi­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ýar. «In­ter­net-bank» we «Mo­bil-bank» hyz­mat­la­ry ar­ka­ly ra­ýat­la­ry­myz is­len­dik nagt däl tö­leg­le­ri­ni ama­la aşyr­ma­ga giň müm­kin­çi­lik al­dy­lar. Şo­nuň ýa­ly-da, on­laýn gör­nü­şin­de tä­ze bank kart­la­ry­ny aç­mak, bu amal üçin ze­rur res­mi­na­ma­la­ry elek­tron gör­nü­şin­de ug­rat­mak, hyz­mat­lar üçin tö­le­gi bank kar­ty ar­ka­ly ama­la aşyr­mak müm­kin­dir. Ra­ýat­la­ry­myz öz hyz­mat ed­ýän bank­la­ry­nyň in­ter­net sa­hy­pa­la­ry ar­ka­ly bank kart­la­ry­ny «In­ter­net-bank» hyz­ma­ty­na öz­baş­dak bi­rik­di­rip bil­ýär­ler.
Goý, hal­ky­my­zy ösüş­li men­zil­le­re alyp bar­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri ro­waç bol­sun!

Döw­let­my­rat Mu­ham­me­dow,
Ymam­gu­ly Re­je­pow,

Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­lym­la­ry.