Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bank ul­ga­my­nyň işi yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ri­lip, ila­ta hö­dür­len­ýän bank hyz­mat­la­ry­nyň ge­ri­mi gi­ňel­dil­ýär. Ul­gam­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler ra­ýat­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň has-da go­wu­lan­ma­gy­na ge­tir­ýär. Hal­ky­myz üçin ýo­ka­ry amat­lyk­la­ry üp­jün ed­ýän nagt däl ha­sap­la­şyk­la­ry or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler oňyn ne­ti­je­le­ri ber­ýär. Şeý­le­lik­de, bank kart­la­ry ar­ka­ly hö­dür­len­ýän bank amal­la­ry­nyň sa­ny art­dy­ryl­ýar, ge­çi­ril­ýän tö­leg­le­riň go­rag­ly­ly­gy, howp­suz­ly­gy yzy­gi­der­li üp­jün edil­ýär.
Bil­şi­miz ýa­ly, XXI asyr – san­ly ul­gam­la­ryň giň ge­rim­de ýaý­baň­lan­ýan asy­ry. Mu­ňa dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň bar­ha äh­lu­mu­my­laş­ma­gy aý­dyň my­sal bo­lup dur­ýar. Ýurt­la­ryň ge­og­ra­fik ýer­le­şi­şi­ne ga­ra­maz­dan, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ha­sa­by­na edil­ýän iş­ler des­sin ama­la aşy­ryl­ýar. Olar bi­len aýak­daş git­mek – döw­rüň der­wa­ýys ta­la­by. Bu ba­bat­da ýur­du­my­zyň karz eda­ra­la­ry, şol san­da Türkmеnis­ta­nyň Döwlеt da­şa­ry yk­dy­sa­dy iş ban­ky hem tä­ze-tä­ze hyz­mat­la­ry hö­dür­le­mek­de, san­ly bank hyz­mat­la­ry­ny we ama­la aşy­ryl­ýan beý­le­ki iş­le­ri has-da ýö­ne­keý­leş­dir­mek­de de­giş­li çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­my­zyň karz eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan ýur­duň pul aý­la­ny­şy­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek we nagt däl ha­sap­la­şyk­la­ryň ge­ri­mi­ni has-da gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len köp iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ola­ryň ara­syn­da mil­li kart­ly tö­leg ul­ga­my bo­ýun­ça elekt­ron tö­leg­le­ri ge­çir­mek­li­gi ýo­la goý­mak aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýär. Bu öz ge­ze­gin­de ýur­duň pul-karz ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge, nagt däl ha­sap­la­şy­gy ös­dür­mä­ge, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de pul se­riş­de­le­ri­niň do­la­ny­şy­gy­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga amat­ly şert­le­ri dö­red­ýär.
Eziz Di­ýa­ry­my­zyň hal­ka­ra ma­li­ýe ba­za­ryn­da­ky we­ki­li bo­lup, stra­te­gi­ki taý­dan mö­hüm ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny we we­zi­pe­le­ri­ni ma­li­ýe­leş­dir­mek ba­bat­da giň ge­rim­li iş­le­ri alyp bar­ýan Döwlеt da­şa­ry yk­dy­sa­dy iş ban­ky ta­ra­pyn­dan men­zi­la­ra bank hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da hem ta­gal­la­lar edil­ýär. Bank ta­ra­pyn­dan «Gal­ky­nyş» tö­leg ul­ga­my­ny işe gi­riz­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň «Fi­nancial Ti­mes» ab­raý­ly ne­şi­ri­niň «The Ban­ker» žur­na­ly ta­ra­pyn­dan 15-nji ge­zek Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let da­şa­ry yk­dy­sa­dy iş ban­ky «Türk­me­nis­ta­nyň iň go­wy ban­ky» di­ýip at­lan­dy­ryl­dy. Şeý­le hem bu bank «Mas­terCard Stan­dart Sy­ýa­hat» we «VISA Clas­sic Sy­ýa­hat» bank kart­la­ry­nyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­lan­ma­ga şert­ler dö­red­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy beý­le­ki yk­dy­sa­dy dü­züm­ler bi­len bir ha­tar­da bank­la­ryň hem san­ly ul­ga­ma geç­me­gi­ni şert­len­dir­di. Bank ul­ga­myn­da ula­nyl­ýan san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň dö­red­ýän amat­lyk­la­ryn­dan peý­da­lan­mak bi­len hal­ka­ra tej­ri­be­si­niň öň­de­ba­ry­jy til­si­mat­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de müş­de­ri­le­re döw­re­bap bank hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­mek we bank iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mä­ge de­giş­li iş­le­ri alyp bar­mak do­wam et­di­ril­ýär.
Ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ke­ma­la gel­me­gi jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da we ma­li­ýe işin­de mag­lu­mat we san­ly se­riş­de­le­riň äh­mi­ýe­ti­niň güýç­len­me­gi bi­len hä­si­ýet­len­di­ril­ýär. Mu­nuň esa­sy se­bä­bi­ni yk­dy­sa­dy­ýe­tiň san­ly gör­nü­şin­de jem­le­nen müm­kin­çi­lik­le­riň di­ňe bir yk­dy­sa­dy ösü­şi üp­jün et­mek­de däl, eý­sem, yn­san dur­mu­şy­nyň hem öz­ger­me­gi­ne ge­tir­ýän­di­gi bi­len dü­şün­di­rip bo­lar.

Aşyr­gel­di AK­MY­RA­DOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.