Mil­let­ler Ar­ka­la­şy­gy­nyň ag­za­sy bo­lan Awst­ra­li­ýa­nyň tä­ze 5 dol­lar­lyk bank­not­la­ryn­da Ang­li­ýa­nyň pa­ty­şa­sy Karl III-iň su­ra­ty­nyň ýer­leş­di­ril­me­jek­di­gi mä­lim edil­di. BBC-niň ha­ba­ry­na gö­rä, Awst­ra­li­ýa­nyň Mer­ke­zi ban­ky (RBA) tä­ze 5 dol­lar­lyk bank­no­tyň tä­ze di­zaý­nyn­da ýer­li awst­ra­li­ýa­la­ryň me­de­ni­ýe­ti­ne we ta­ry­hy­na de­giş­li gym­mat­lyk­la­ryň şe­ki­liň ýer­leş­di­ril­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.
Ang­li­ýa­nyň iň uzak ýyl tagt­da otu­ran hö­küm­da­ry Şa­za­da II ge­çen ýy­lyň 8-nji sent­ýab­ryn­da Şot­lan­di­ýa­da to­mus­ky dynç al­şy­ny ge­çir­ýän döw­rün­de ara­dan çy­kyp­dy. Şon­dan soň­ra onuň og­ly Karl III ýur­duň hö­küm­da­ry bo­lup­dy. Awst­ra­li­ýa­nyň mer­ke­zi ban­ky tä­ze bank­no­tyň çy­ka­ryl­ma­gy­nyň bir­nä­çe ýy­la çek­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Tä­ze bank­not­lar çyk­ýan­ça häz­ri­ki pul­la­ryň ula­nyl­ma­gy­na do­wam edi­ler.
Bir­le­şen Pa­ty­şa­ly­gyň hö­küm­da­ry Awst­ra­li­ýa­nyň, Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň we Mil­let­ler Ar­ka­la­şy­gy­na gir­ýän beý­le­ki 12 ýur­duň sim­wo­li­ki ýag­daý­da döw­let ýol­baş­çy­sy ha­sap­lan­ýar.