Ang­li­ýa­ly sy­ýa­hat­çy Kris Braun dün­ýä­niň bar­ma­sy has kyn ýer­le­ri­niň ýe­di­si­ne ba­ryp, ady­ny ta­ry­ha ýaz­dyr­dy. Mun­dan ozal De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka, Gü­nor­ta Ame­ri­ka, Af­ri­ka, Awst­ra­li­ýa, An­tark­ti­da we Ýu­waş um­ma­nyn­da­ky Ne­mo no­ka­dy­na ba­ran Brau­nyň soň­ky du­ral­ga­sy De­mir­ga­zyk pol­ýu­syň iň uzak ýe­ri bol­dy. Şeý­le­lik­de, Braun ta­ryh­da ba­ryl­ma­gy müm­kin bol­ma­dyk diý­lip ha­sap edi­len 7 ýe­re bar­dy. Sy­ýa­hat­çy­nyň esa­sy mak­sa­dy ýe­tip bol­ma­jak (Po­le of Inaccesi­bi­li­ty) 8 ýe­re bar­mak­dy. Bu men­zi­le bar­mak üçin ýo­la çy­kan köp adam taý­gak buz­luk­lar, güýç­li ýel, aşa so­wuk ho­wa se­bäp­li yzy­na do­lan­ma­ly bo­lup­dy. Bu ýe­re her gün­ 30 mi­nut Gün şöh­le­si düş­ýär. Onuň in­di­ki mak­sa­dy bol­sa, Hy­ta­ýyň de­mir­ga­zyk-gün­do­ga­ryn­da­ky iň çet ýe­re bar­mak.

Döwletgeldi Repow,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, leýtenant.