Ispaniýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Barselona” myhmançylykda “Real Sosiedaddan” 2-1 hasabynda asgyn geldi. Çempionatda 11 oýundan soň utulan katalonlaryň derwezesinde ýeňiş gollaryny Oýarzabal (32) bilen Gedeş (71) geçirdi. “Barselonadan” Reşfordyň goly ýeňşe ýetmedi.

“Lewanteni” Mbappe (58 p) hem-de Asensionyň (65) gollary esasynda ýeňen “Real Madrid” lider “Barselona” bilen aratapawudy 1 utuga düşürdi.

“Atletiko” öz meýdançasynda “Alawesden” Sörlotyň 48-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda üstün çykdy.

Kem-kemden özüni dürseýän “Žirona” topary myhmançylykda ukrainaly hüjümçisi Wanatyň her ýarymyň goşmaça minutlarynda 11 metrlik jerime urgularyndan geçiren gollary bilen “Espanýoly” 2-0 hasabynda utdy.

“Betis” 4-nji ýerde barýan “Wilýarrealy” Ruibal (57) hem-de Fornalsyň (83) gollary esasynda 2-0 hasabynda ýeňdi.

“Malýorka” bilen “Atletik” toparlarynyň arasyndaky oýunda ýer eýeleri 3-2 hasabynda ýeňiş gazanyp, olaryň gollarynyň 3-sini hem Wedad Muriki öz adyna ýazdyrdy.

“La Ligada” 20-nji tapgyryň netijeleri:

Espanýol – Žirona: 0-2 (Wanat 45+3 p, 90+3 p),

Real Madrid – Lewante: 2-0 (Mbappe 58 p, Asensio 65),

Malýorka – Atletik: 3-2 (Muriki 5, 42, 69 p – Unaý Gomes 8, Niko Williams 45),

Osasuna – Owiedo: 3-2 (Budimir 45, 75, Munios 90+2 – Winiýas 40, Reýna 68),

Betis – Wilýarreal: 2-0 (Ruibal 57, Fornals 83),

Hetafe – Walensiýa: 0-1 (Gaýýa 84),

Atletiko – Alawes: 1-0 (Sörlot 48),

Selta – Raýo Wallekano: 3-0 (Karreýra 40, Saragosa 54 p, Rueda 79),

Real Sosiedad – Barselona: 2-1 (Oýarzabal 32, Gedeş 71 – Reşford 70),

Elçe – Sewilýa (şu gije)