“Barselona” topary 12 ýyllyk derwezeçisi Mark-Andre ter Ştegeni “La Liganyň” başga bir toparyna “Žirona” ugratdy. 33 ýaşyndaky germaniýaly derwezeçi Kataloniýa sebitiniň beýleki kluby bolan “Žirona” bilen möwsümiň ahyryna çenli kärendesine şertnama baglaşdy. Ter Ştegen “Barselona” 12 möwsümde 423 oýunda derwezäni gorady. Geçen möwsümde 9, şu möwsümde 1 gezek “Barselonanyň” düzüminde meýdança çykan Ter Ştegen täze klubunda 22-nji belgili köýnekçäni geýer. Ter Ştegen “Žironada” eýýäm ilkinji duşuşygyny hem geçirip, katalonlar öz meýdançasynda “Hetafe” bilen 1-1 hasabynda deňme-deň oýnady. Germaniýanyň ýygyndysynda 44 duşuşyk oýnan Ter Ştegen “Barselonadan” öň “Borussiýa M” toparynyň köýnekçesini geýipdi.