UEFA Çempionlar Ligasynda öz meýdançasynda “Kopengageni” kabul eden “Barselona” 4-nji minutda Dadasonyň goluna çäre tapyp bilmedi. Ýöne 2-nji ýarymda ýyldyzlarynyň – Lewandowskiniň, Ýamalyň, Rafinýanyň hem-de Reşfordyň gollary esasynda 4-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Barselona” liga tapgyryny 5-nji ýerde tamamlap, 1/8 finala çykdy.

Diňe “Arsenaldan” asgyn gelen “Bawariýa” myhmançylykda PSW-ni Musiala hem-de Keýniň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňip, sanawy 2-nji ýerde tamamlady. Ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýan Norwegiýanyň “Bude-Glimt” topary myhmançylykda “Atletikony” ýer eýeleriniň norwegiýaly hüjümçisi Sörtlotyň goly bilen öňe geçendigine garamazdan ýeňmegi başardy. Bassyr 2-nji ýeňşini gazanan “Bude-Glimt” topary pleý-off tapgyryna çykmagy başardy. Edil şonuň ýaly, grekleriň “Olimpiakos” topary-da myhmançylykda “Aýaksy” 2-1 hasabynda ýeňip, ýaryşy dowam etdirjek toparlaryň hataryna goşulmagyň hötdesinden geldi.