“La Ligada” geljek ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek Super Kubogy duşuşyklary sebäpli 19-njy tapgyryň 2 duşuşygy wagtyndan öň oýnaldy. Şolarda “Barselona” öz meýdançasynda “Atletiko Madridi” 3-1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda Baenanyň (19) goly bilen ilkinji bolup hasaby myhmanlar açsa-da, ýer eýeleri Rafinýa (26), Olmo (65), Torresiň (90+6) gollary bilen ýeňşini baýram etdi. Duşuşykda 36-njy minutda Lewandowski 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp bilmedi. “Real Madrid” bolsa myhmançylykda “Atletik Bilbao” bilen duşuşyp, 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy. 3 oýundan soň 3 utuk alan Realyň gollarynyň 2-sini Kilian Mbappe (7, 59), beýlekisini bolsa Kamawinga (42) derwezä girizdi.