UEFA Çempionlar Ligasynda çärýek finala çykan toparlaryň ählisi belli boldy.
1/8 finalyň çäginde bir hepde öň Angliýada Ýamalyň 90-njy minutdan soň geçiren penalti goly bilen ýeňlişden halas bolan “Barselona” öz meýdançasynda “Nýukasly” derbi-dagyn etdi. “Spotify Kamp Nou”-daky duşuşygyň 1-nji ýarymy çekeleşikli geçdi. 6-njy minutda Rafinýa hasaby açsa, 15-nji minutda Elanga hasaby deňledi. 18-nji minutda “Barselona” Bernalyň goly bilen öňe geçdi. Ýöne Elanga 28-nji minutda ýene hasaby deňledi. 45+7-nji minutda fransiýaly emin Leteksie katalonlaryň peýdasyny penalti urgusyny belledi. Ony-da dürs uran Ýamal Çempionlar Ligasyndaky 10-njy goluny geçirdi. Ol bu görkezijä ýeten iň ýaş futbolçy boldy.

Duşuşygyň 2-nji ýarymy ýer eýeleri üçin juda başgaça geçdi. Yzly-yzlyna geçiren gollary uly hasaply ýeňşe getirdi. 51-nji minutda Fermin Lopes aratapawudy 2 gola çykardy. 5 minutda, ýagny 56-njy we 61-nji minutlarda 2 gol geçiren Robert Lewandowski 2 rekordy birden täzeledi. Ol Çempionlar Ligasynda bir oýunda 2 gol geçiren iň ýaşuly futbolçy bolmagy başardy (38 ýaş 6 aý). Ol bu ugurda Filippo Inzaginiň rekordyny täzeledi (38 ýaş 2 aý). Şeýle-de Nýukasl Lewandowskiniň bu ýaryşda derwezesinden gol geçiren 41-nji kluby boldy. Bu ugurda 40 klub bilen Lionel Messi öňdeligi eýeläp gelýärdi.
Duşuşygyň 72-nji minutynda hasaby açan Rafinýa özüniň 2-nji, toparynyň 7-nji goluny geçirip, oýna soňky nokady goýdy. 7-2 hasabynda üstün çykan “Barselona” adyny çärýek finala ýazdyrdy.
PDF









