Ispaniýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Barselona” topary şäher derbisinde myhmançylykda “Espanýoly” kynlyk bilen ýeňmegi başardy. “Barselonanyň” derwezeçisi Hoan Garsiýanyň ozalky toparyna garşy erjel oýun görkezen duşuşygynda katalonlar soňky minutlarda 2 gol geçirdi. Şol gollary 86-njy minutda Dani Olmo bilen 90-njy minutda Robert Lewandowski derwezä girizdi.

“Real Madridde” şikesli bolan Mbappeniň ornuna Gonzalo Garsiýany esasy düzümde meýdança çykaran Habi Alonsonyň ynamyny ýaş hüjümçi aňryýany bilen ödemegiň hötdesinden geldi. “Betisi” 5-1 hasabynda ýeňen “Real Madridiň” gollarynyň 3-sini Gonzalo Garsiýa öz adyna ýazdyrdy. Ýer eýeleriniň beýleki 2 goluny hem goragçylar Raul Asensio bilen oýna soň giren Fran Garsiýa geçirdi.
“Wilýarrealyň” myhmançylykda “Elçeni” Moleýro, Mikautadze hem-de Pedrasanyň gollary bilen 3-1 hasabynda ýeňen tapgyrynda “Atletiko Madride” San-Sebastianda “Real Sosiedady” ýeňmek başartmady (1-1).
18-nji tapgyryň netijeleri:
Raýo Wallekano – Hetafe: 1-1 (De Frutos 45+1 – Arambarri 90+1),
Selta – Walensiýa: 4-1 (Iglesias 33 p, 59, El-Abdullaui 83, Alwares 90+5 – Pepelu 70),
Osasuna – Atletik: 1-1 (Ruben Garsiýa 34 – Guruseta 71),
Elçe – Wilýarreal: 1-3 (Neto 30 – Moleýro 7, Mikautadze 13, Pedrasa 83),
Espanýol – Barselona: 0-2 (Olmo 86, Lewandowski 90),
Sewilýa – Lewante: 0-3 (Losada 45+2, Esli 77, Alwares 90+4),
Real Madrid – Betis: 5-1 (Gonzalo Garsiýa 20, 50, 82, Asensio 56, Fran Garsiýa 90+3 – Kuço Hernandes 66),
Alawes – Owiedo: 1-1 (Boýe 69 – Winiýas 56),
Malýorka – Žirona: 1-2 (Muriki 90+1 p – Sygankow 25, Wanat 63 p),
Real Sosiedad – Atletiko: 1-1 (Gedeş 55 – Sörlot 50)
PDF









