Ispaniýanyň Şa Kubogy ýaryşynda ilkinji finalçy belli boldy. 1-nji oýunda Madridde “Barselonany” 4-0 hasabynda ýeňen “Atletiko” finala adyny ýazdyrdy. “Spotify Kamp Nou”-da oýnalan jogap duşuşygynda katalonlar 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýöne bu ýeňiş olaryň finala çykmagy üçin ýeterlik bolmady. Duşuşykda “Barselonanyň” gollaryny Bernal (29, 72) bilen Rafinýa (45+5 p) derwezä girizdi. Şunlukda, 2 oýnuň netijesi boýunça 4-3 hasabynda üstün çykan “Atletiko Madrid” 13 ýyldan soň 20-nji gezek finala çykdy.

Kubogy 10 gezek eýelän “Atletikonyň” finaldaky garşydaşy şu gijeki “Real Sosiedad” – “Atletik” duşuşygyndan soň belli bolar. 1-nji oýunda “Real Sosiedad” 1-0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.
PDF









