UEFA Çempionlar Ligasynda 1,5 aýlyk arakesmeden soň liga tapgyrynyň 7-nji duşuşyklaryna badalga berildi. Sişenbe gününiň iň esasy duşuşygy Portugaliýada “Benfika” bilen “Barselonanyň” arasyndaky oýunda boldy. Çekeleşikli geçen oýunda janköýerler 9 goluň şaýady boldular.

Het-trik ýeňşe ýetmedi

Eýýäm oýnuň 2-nji minutynda “Benfikanyň” grek hüjümçisi Wangelis Pawlidis hasaby açdy. Bu gola katalonlar Lewandowskiniň penaltiden geçiren goly bilen jogap berse-de, Pawlidis ilkinji ýarym sagatda öz het-trigini tamamlady. Ol 22-nji minutda hem-de 30-njy minutda penaltiden tapawutlanyp, hasaby 3-1-e ýetirdi.

 

Duşuşygyň 2-nji ýarymy has başgaça oýun boldy.  64-nji minutda Rafinýa aratapawudy 1 gola düşürdi. Ýöne 4 minutdan soň Arauhonyň awtogoly bilen ýene-de öňküsi ýaly boldy (4-2). Duşuşygyň 78-nji minutynda Lewandowski 2-nji gezek penaltini dürs urmagy başardy. Onuň UÇL-de penaltiden geçiren gollarynyň sany 19-a ýetdi. Oýnuň 86-njy minutynda Erik Garsiýanyň goly bilen “Barselona” hasaby deňledi. 90+6-njy minutda ýer eýeleri burçda urgy ýerine ýetireninden soň topy Lewandowski topardaşy Rafinýa geçirdi. Öz ýarym meýdançasyndan topy alan Rafinýa 2-nji goluny geçirip, oýna soňky nokady goýdy. Şunlukda, “Barselona” taryhy duşuşykda 5-4 hasabynda ýeňiş gazanyp, sanawy ilkinji 8 orunda tamamlamaga hukuk gazandy.