Golaýda Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçirilen Bütindünýä Mobil maslahatynda “Xiaomi” kompaniýasy täze zarýad tehnologiýasyny köpçülige görkezipdi. Telefona 5 minutda zarýad berýän bu tehnologiýanyň köpçülikleýin önümçiligine başlanar. Halkara maslahatda beýleki kompaniýalar hem täze öndüren harytlaryny, şeýle hem geljekde çykarmagy meýilleşdirýän tehnologiýalaryny tanyşdyrypdy.
Şeýle kompaniýalaryň bir bolan “Xiaomi” 290 watly aşa çalt zarýad berýän tehnologiýany hödürläpdi. Gysga wagtda zarýad berýän tehnologiýa köp wagtdan bäri işlenip taýýarlanýar. Bu tehnologiýa smartfonlar bilen bir hatarda elektroulaglar üçin hem göz öňünde tutulýar. Sebäbi, sany barha köpelýän elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň ýaýbaňlanmagyndaky esasy päsgelçilikleriň biri zarýad bermek üçin has köp wagt gerek bolýandygydyr. “Xiaomi” kompaniýasy “Redmi Note 12 Pro+” modeliniň gysga wagtda zarýad almaga niýetlenen görnüşini tanyşdyrypdy. Tanyşdyrylyş dabarasynda bu mobil enjam 2 minutda 50 göterim, 5 minutda doly zarýad alypdy.
Aýna Ýoldaşowa, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.