UEFA Çempionlar Ligasynda 1/8 finalyň 1-nji duşuşyklarynyň 4-si geçirildi. Uly netijeleriň hasaba alnan agşamynda 4 oýunda 17 gol derwezä girizildi. Uly hasaply ýeňiş gazanan “Bawariýa” bilen “Atletiko Madrid” toparlary çärýek finalyň bosagasyndan ilkinji ädimi ätdiler.
Myhmançylykda “Atalanta” bilen duşuşan “Bawariýa” italýan toparyny 6-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ilkinji 25 minutda 3 gol geçiren “Bawariýanyň” pökgülerini Stanişiç (12), Olise (22, 64), Gnabri (25), Jekson (52) hem-de Musiala (67) derwezä girizdi. “Atalantanyň” ýeke-täk goluny bolsa 90+3-nji minutda Paşaliç öz adyna ýazdyrdy.

7 goluň geçirilen başga bir duşuşygynda “Atletiko Madrid” öz meýdançasynda Angliýanyň “Tottenham” toparyny kabul etdi. Eýýäm duşuşygyň 15-nji minutynda madridliler jogapsyz 3 gol geçirdi. Gollary 6-njy minutda Llorente, 14-nji minutda Grizmann, 15-nji minutda Hulian Alwares derwezä girizdi. “Tottenham” toparynyň tälimçisi ilkinji 3 goldan soň derwezeçisini çalyşsa-da, bu hem uly hasaply ýeňlişiň öňüni alyp bilmedi. Täze derwezeçi hem oýnan gireninden sähelçe wagtdan soň gol geçirtdi. Bu goly goragçy Le Norman öz adyna ýazdyrdy. Oýnuň 26-njy minutynda “Tottenham” topary geçirden 4 golunyň biriniň öwezini Pedro Porronyň takyk urgusy bilen doldy. 2-nji ýarymyň başlarynda, has takygy, 55-nji minutda Hulian Alwares 5-nji pökgini hem londonlylaryň derwezesine gönükdirdi. Duşuşygyň 76-njy minutda “tottenhamly” Dominik Solanke oýna soňky nokady. 5-2 hasabynda ýeňiş gazanan “Atletiko Madrid” çärýek finala çykmagyň bosagasyna geldi.
PDF









