UEFA Çempionlar Ligasyna täze möwsüme şu gije badalga berler. Ilkinji tapgyryň duşuşyklary 3 günläp dowam eder. Ýagny sişenbe, çarşenbe hem-de penşenbe günleriniň hersinde 6 duşuşyk geçiriler. 36 klubuň gatnaşýan ýaryşynda 2-nji möwsüm liga formatynda geçirilip, her gün duşuşyklaryň 2-si 21:45-de, galan 4-si 00:00-da başlanar.

Ilkinji tapgyryň iň köp ünsi çekýän duşuşyklary hökmünde Ýuwentus – Borussiýa Dortmund, Bawariýa – Çelsi, Liwerpul – Atletiko Madrid, Mançester Siti – Napoli, Nýukasl – Barselona, Aýaks – Inter oýunlaryny görkezmek bolar.

Soňky çempion PSŽ täze möwsüme öz meýdançasynda Atalanta duşuşygy bilen başlasa, Real Madridiň ilkinji bäsdeşi Marsel topary bolar.

 

16-njy sentýabr (sişenbe)

Atletik Bilbao – Arsenal (21:45)

PSW – Ýunion Sent-Žilluaz (21:45)

Real Madrid – Marsel (00:00)

Ýuwentus – Borussiýa Dortmund (00:00)

Benfika – Garabag (00:00)

Tottenham – Wilýarreal (00:00)

 

17-nji sentýabr (çarşenbe)

Olimpiakos – Pafos (21:45)

Slawiýa Praga – Bude-Glimt (21:45)

Aýaks – Inter (00:00)

Bawariýa – Çelsi (00:00)

Liwerpul – Atletiko Madrid (00:0)

Pari Sen-Žermen – Atalanta (00:00)

 

18-nji sentýabr (penşenbe)

Klub Brýugge – Monako (21:45)

Kopengagen – Baýer (21:45)

Aýntraht – Galatasaraý (00:00)

Mançester Siti – Napoli (00:00)

Nýukasl – Barselona (00:00)

Sporting – Kairat (00:00)