Çempionlar Ligasynyň nemes derbisinde “Bawariýa” çärýek finala çykmak kyn düşmedi. 6 oýundan soň “Baýeri” ilkinji gezek ýeňen “Bawariýa” myhmançylykda-da lewerkuzenlilerden üstün çykmagy başardy. 1-nji oýunda jogapsyz 3 gol salan münhenliler bu gezek 2 gol geçirdi. Gollary 52-nji minutda Harri Keýn bilen onuň pasyndan soň 71-nji minutda Alfonso Dewis derwezä girizdi. Keýniň şu möwsümdäki gollarynyň sany 10-a ýetip, ol bir möwsümde muny başaran ilkinji iňlis futbolçysy hökmünde hasaba alyndy. 2 oýnuň netijesi boýunça “Bawariýa” 5-0 hasabynda ýeňiş gazanyp, bassyr 6-njy, umumylykda-da 23-nji gezek çärýek finala çykdy. 1992/93 möwsüminden öňki ýaryşlary-da hasaba alanyňda 35-nji gezek çärýek finalda oýnar. “Bawariýa” mundan öňem 3 gezek Çempionlar Ligasynda nemes klublary bilen duşuşypdy. 1997/98 möwsüminde çärýek finalda “Borussiýa Dortmunddan” utulan (0-0, 0-1 g.w.) “Bawariýa” 1998/99 möwsüminde “Kaizerslauterni” ýeňip (2-0, 4-0), ýarym finala çykypdy. 2013-nji ýylda finalda-da “Borussiýa Dortmundy” ýeňipdi.