28-nji sent­ýabr­da ýur­du­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 32 ýyl­ly­gy­nyň hor­ma­ty­na Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk sport top­lu­myn­da baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry ge­çi­ril­di. Bu da­ba­ra­la­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow gat­naş­dy.

Kö­pet­da­gyň ete­gin­dä­ki gö­zel kün­jek­de ýer­leş­ýän Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk sport top­lu­myn­da türk­men to­ýu­na mah­sus ha­ky­ky baý­ram­çy­lyk ýag­da­ýy eme­le gel­di. Bu ýe­re Mej­li­siň Baş­ly­gy, Hö­kü­met ag­za­la­ry, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, ýaş­lar ýyg­nan­dy­lar. Da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da ýur­du­myz­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar hem bar.
Top­lu­myň çä­gin­de mäh­ri­ban hal­ky­myz üçin eg­sil­mez dö­re­di­ji­lik joş­gu­ny­nyň çeş­me­si bo­lup dur­ýan meş­hur ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne ba­gyş­la­nan ser­gi ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Hal­ky­my­zyň dö­re­di­ji­lik ze­hi­ni şe­kil­len­di­riş we ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň äh­li gör­nüş­le­rin­de öz aý­dyň be­ýa­ny­ny tap­ýar. Hä­zir­ki döw­rüň us­sat­la­ry ga­nat­ly be­dew­le­ri wasp ed­ýän aja­ýyp eser­le­ri dö­red­ýär­ler. Şol bir wag­tyň özün­de, su­rat­keş­le­riň we heý­kel­ta­raş­la­ryň eser­le­ri gö­zel­lik, we­pa­dar­lyk, dost­luk, wa­tan­çy­lyk ýa­ly mü­di­mi dü­şün­je­le­ri ala­mat­lan­dyr­ýar. At­la­ry gym­mat­ly şaý-sep­ler bi­len be­ze­mek dä­bi hal­ky­my­zyň ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne uly söý­gi bi­len ga­ra­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Türk­men zer­gär­le­ri at­la­ryň şaý-sep­le­ri­ni taý­ýar­la­ma­gyň tä­sin sun­ga­ty­na eýe­dir. Bu şaý-sep­ler be­dew­le­riň gör­kü­ne görk goş­ýar, ola­ryň sy­rat­ly­ly­gy­ny gör­kez­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň hem-de ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ry­nyň giň ge­rim­li ser­gi bö­lüm­le­ri­ni syn­la­dy. Şu ge­zek­ki ser­gi mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň köp­ta­rap­ly ze­hi­ni­niň, zäh­met­sö­ýer­li­gi­niň we baý ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­na yg­rar­ly­dy­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny­na öw­rül­di. Ser­gi­de mu­zeý gym­mat­lyk­la­ry hem gör­ke­zil­di. Bu ýer­de mil­li gö­reş bo­ýun­ça bäs­le­şik­ler ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Ýa­ryş­lar­da türk­men päl­wan­la­ry öz­le­ri­niň güýç-gaý­ra­ty­ny, ça­la­syn­ly­gy­ny we us­sat­ly­gy­ny gör­kez­di­ler. Ýur­du­my­zyň sun­gat us­sat­la­ry kö­pö­wüş­gin­li aý­dym-saz­ly baý­ram­çy­lyk sow­ga­dy­ny taý­ýar­la­dy­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz baý­ram­çy­lyk at ça­py­şyk­la­ry­na Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk sport top­lu­my­nyň esa­sy mün­be­rin­den to­ma­şa et­di.
Ahal­te­ke be­dew­le­ri dür­li ara­lyk­da­ky ça­py­şyk­la­ryň 7-sin­de ýyn­dam­ly­gy­ny, ça­la­syn­ly­gy­ny, güýç-kuw­wa­ty­ny we çy­dam­ly­ly­gy­ny gör­kez­di­ler. Il­kin­ji pur­sat­lar­dan baş­lap, ýa­ryş­lar köp san­ly to­ma­şa­çy­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­di. Ça­py­şyk ýo­da­la­ryn­da­ky ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki bäs­deş­lik şeý­le ýa­ryş­la­ryň has çe­ke­le­şik­li, gy­zyk­ly bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.
Il­kin­ji dört ça­py­şyk­da üç­ýa­şar at­lar ýa­ryş­dy­lar. 1400 metr ara­ly­ga ge­çi­ri­len bi­rin­ji ça­py­şyk­da 1 mi­nut 35,2 se­kun­da deň bo­lan iň go­wy ne­ti­jä­ni Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­na de­giş­li Da­ýan­jym at­ly dor at gör­kez­di. Onuň ça­pyk­su­wa­ry P.Ora­zow. Şu ara­ly­ga ge­çi­ri­len ikin­ji ça­py­şyk­da pel­le­ha­na il­kin­ji bo­lup 1 mi­nut 36,5 se­kunt ne­ti­je bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Gud­rat­ly­dag at­ly me­le aty gel­di. Onuň ça­pyk­su­wa­ry Y.Al­la­na­za­row.
1600 metr ara­ly­ga ge­çi­ri­len üçün­ji ça­py­şyk­da 1 mi­nut 53,1 se­kun­da deň bo­lan iň go­wy ne­ti­jä­ni Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­na de­giş­li Gö­ger­çin at­ly dor at gör­kez­di. Onuň ça­pyk­su­wa­ry O.Aman­gel­di­ýew. Şol ara­ly­ga ge­çi­ri­len dör­dün­ji ça­py­şyk­da pel­le­ha­na il­kin­ji bo­lup Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Ga­ra­ýel at­ly ga­ra aty gel­di. Ol 1 mi­nut 52,8 se­kunt ne­ti­je gör­kez­di. Ça­pyk­su­wa­ry M.Se­ýi­dow.
Ga­lan soň­ky ça­py­şyk­lar­da dört we uly ýa­şar at­lar ýa­ryş­dy­lar. 1800 metr ara­ly­ga gu­ra­lan bä­şin­ji ça­py­şyk­da 2 mi­nut 07,5 se­kunt ne­ti­je bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­na de­giş­li Ar­tyk at­ly dor at pel­le­ha­na il­kin­ji bo­lup gel­di. Ça­pyk­su­wa­ry M.Mäm­me­dow. 2200 metr ara­ly­ga al­tyn­jy ça­py­şyk­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­nyň Be­zir­gen at­ly ak­ýal me­le aty 2 mi­nut 35,9 se­kunt ne­ti­je bi­len pel­le­ha­na il­kin­ji bo­lup gel­di. Onuň ça­pyk­su­wa­ry üçün­ji de­re­je­li ça­pyk­su­war A.Aga­my­ra­dow.
2200 metr ara­ly­ga ge­çi­ri­len jem­leý­ji, ýe­din­ji ça­py­şyk­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Baş baý­ra­gy­ny al­mak ug­run­da çe­ke­le­şik­li bäs­le­şik bol­dy. Pel­le­ha­na 2 mi­nut 37,4 se­kunt ne­ti­je bi­len il­kin­ji bo­lup Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­na de­giş­li Dag­be­dew at­ly dor at gel­di. Onuň ça­pyk­su­wa­ry us­sat ça­pyk­su­war B.Aga­my­ra­dow.

Soň­ra ýe­ňi­ji­le­ri sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Bäs­le­şik­de iň go­wy ne­ti­je­le­ri gör­ke­zen­ler döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za ýur­du­myz­da at­çy­lyk spor­tu­ny ös­dür­mek ba­ra­da hem­me­ta­rap­la­ýyn ala­da ed­ýän­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, öz­le­ri­niň sport us­sat­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, at çap­ma­gyň şöh­rat­ly mil­li däp­le­ri­ni aýaw­ly sak­la­mak we do­wam et­dir­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy­lar.