Golaýda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň we Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde gurnamagynda Saýat etrabynyň Sakar şäher hassahanasynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli “Il saglygy – ýurt baýlygy” ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi. Baýramçylyk dabarasynyň başynda Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýylyň dowamynda saglyg goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen täze hassahanalaryň, saglyk öýleriniň ulanmaga berilmegi bilen il saglygyny anyklamakda we takyk bejeriş işleriniň ýola goýlandygy we goýulýandygy buýsanç bilen bellenildi. Baýramçylyk çäresine gatnaşan Saýat etrabynyň Sakar şäher hassahanasynyň ak ýektaýly lukmanlary, şepagat uýalary, şäher ýaşaýjylary, dilleri senaly aksakgal gojalarymyz, kümüş saçly enelerimiz işlemäge, gurmaga we bagtly durmuşda ýaşamaklary ugrunda taýsyz tagallalary edýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirip berk jan saglygyny uzak ömür arzuwlap, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen gutladylar. Hassahananyň tapawutlanyp zähmetleri çekip gelýän ezber işgärleriniň ençemeleri Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň ýörite taýýarlanylan gymmat bahaly sowgatlaryna mynasyp boldular.
Baýramçylyk çäräsiniň esasy maksady Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde il saglygyny goramagy mukaddes borç saýyp zähmetleri çekip gelýän saglyk ulgamynyň işgärlerini beýik işlere ruhlandyrmakdan ybarat boldy.
Gunça Pamyýewa, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat hünärmeni.