Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­ly luk­man Gi­ta Meý­ker-Klark dün­ýä­de dö­rän çyl­şy­rym­ly ýag­daý­la­ryň do­wam ed­ýän döw­rün­de be­de­ni go­ra­ma­ga kö­mek ed­ýän önüm­le­ri sa­nap geç­di. Meý­ker-Klark tä­ze mi­we­le­ri we gök önüm­le­ri has köp­räk iý­mä­ge hem-de şe­ker iý­me­gi azalt­ma­ga ça­gyr­dy. Luk­man be­de­niň go­rag ul­ga­my­ny güýç­len­dir­mek üçin brok­ko­li, burç, ke­lem, sit­rus mi­we­le­ri ýa­ly C wi­ta­mi­nine baý önüm­le­re aý­ra­tyn üns ber­me­gi mas­la­hat ber­di.
– Wi­ta­min­ler «to­par» bo­lup iş­le­ýär. Im­mun ul­ga­my adat­ça, A, C, D, E, B6, B12 we fo­lat­lar, sink, de­mir, mis we se­len ýa­ly wi­ta­min­ler top­lu­my­ny ta­lap ed­ýär – di­ýip, ol aýt­dy. Luk­man be­de­niň A wi­ta­mi­ne bo­lan ze­rur­ly­gyny ka­na­gat­lan­dyr­mak üçin gök önüm­le­ri, kä­şir, gyş ga­wu­ny, kä­di we süý­ji ýeralma iý­me­gi mas­la­hat ber­di. E wi­ta­mi­ne ze­rur­lyk duý­ýan­la­ra hoz, ys­ma­nak we gü­ne­ba­kar ýa­gy peýdalydyr.
Meý­ker-Klark D wi­ta­mi­niň hem­me önüm­ler­de bol­ma­ýan­dy­gy­ny bel­läp, bu äti­ýaç­ly­gy bio­lo­gi­ki taý­dan iş­jeň go­şun­dy­lar bi­len dol­dur­ma­ga ça­gyr­dy. Mu­nuň, esa­san hem, Gün şöh­le­le­ri­niň ýet­mez­çi­lik ed­ýän aý­la­ry – okt­ýabr bi­len mart ara­ly­gyn­da ber­jaý edil­me­li­di­gi­ni bel­le­di.
– Şu gün­ki gün­de howp­ly ýo­kan­jyň ýaý­ra­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len agyz-burun örtügini dakynmak, elleri ýuw­mak we howp­suz ara­ly­gy sak­la­mak hök­man­dyr. Ýö­ne hä­zir­ki ýag­daý­da biz oza­ly bi­len, be­de­ni­miz­de güýç­li go­rag ul­ga­my­ny gur­ma­ga ta­gal­la et­me­li – di­ýip, luk­man sö­zü­ni jem­le­di.