C witamini bedeniň esasy zerurlyklarynyň biri hökmünde tapawutlanýar. Immuniteti güýçlendirýän, deriniň täzelenmegine we energiýany ýokarlandyrmaga ýardam edýän bu witamin antioksidantlaryň çeşmesi hasaplanýar. Limon, mandarin, apelsin, greýpfrut, bergamot, kamkat ýaly sitrus miwelerinde C witaminiň köp bölegi saklanýar. Mundan başga-da, ýertudana, kiwi, ananas ýaly miwelerde, gyzyl burç, brokkoli, pomidor ýaly gök önümlerdir ter otlarda hem C witamini bar. Bedende bu witaminiň ýetmezçiligi saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary döredip bilýär. Esasan hem, howanyň sowuk günlerinde C witaminine baý miweleri yzygiderli iýmek, beden üçin gerekli mukdarda bu witamini almak zerur bolup durýar. Geliň, C witaminiň peýdaly taraplary bilen tanyş bolalyň!
C witamini bedeni gurplandyryp, ýokançlyklara garşy durujylygy ýokarlandyrýar we sowuklama, dümew alamatlaryny aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge kömek edýär.
Bu witamin bedende deri, süňkler we birleşdiriji dokumalar üçin zerur bolan kollagen öndürmekde möhüm orun eýeleýär.
C witamindäki antioksidantlar öýjükleriň zaýalanmagynyň öňüni alyp, garramak alamatlaryny gijikdirýär we bedeni erkin radikallaryň täsirinden goraýar.
Bedende demriň siňdirilmegini ýokarlandyryp, ganazlyk howpuny aradan aýyrýar.
Bilermenler ýokary gan basyşy bilen ýüzbe-ýüz bolýan adamlara C witamine baý sitrus miweleri yzygiderli iýmegi maslahat berýärler. C witamini gan damarlaryny gowşadyp, ýokary gan basyşynyň täsirini azaldýar.
C witamini holesteriniň derejesini peseldip, ýürek kesellerinden goranmaga ýardam edýär.
Uzakly günüň ýadawlygyny aýyrmakda C witaminiň täsiri diýseň uludyr. Agşamyna, esasan hem, gyş paslynda limonly çaý içmek energiýany dikeltmäge we ýadawlygy azaltmaga ýardam edýär.
C witaminiň ýetmezçiliginiň alamatlary:
C witamini ýetmezçilik edende beden energiýa öndürmekde kynçylyk çekip, ýadawlyk we gowşaklyk alamatlary ýüze çykyp başlaýar.
Bedeniň immunitet ulgamy gowşap, ýokançlyklar bilen göreşmek ukyby peselýär. Netijede, ýygy-ýygydan sowuklama ýa-da dümewleme ýaly alamatlar ýüze çykýar.
C witaminiň ýetmezçiligi deriniň guramagyna, çişmegine we käbir ýaralaryň döremegine sebäp bolýar.
Askorbin turşulygy ýeterlik derejede kabul edilmedik ýagdaýynda diş etinde agyrylar döräp bilýär.
C witamini ýeterlik bolmadyk adamlarda bedeniň alyş-çalşygy kadaly işlemeýär. Netijede, horlanmak we işdäňi ýitirmek ýaly alamatlar ýüze çykýar.
Bu witamini gerekli derejede kabul etmezlik bogunlarda agyrynyň döremegine, ganazlyk alamatlarynyň döremegine getirip bilýär.
PDF









