D wi­ta­mi­ni be­de­niň süňk gur­lu­şyn­dan baş­lap, im­mu­ni­te­ti ber­kit­mä­ge çen­li bir­nä­çe mö­hüm ama­ly ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Gün şöh­le­si

D wi­ta­mi­­niň te­bi­gy çeş­me­si ha­sap­lan­ýar. Em­ma şeý­le-de bol­sa, ho­wa­nyň aşa ys­sy gün­le­ri Gün şöh­le­si be­de­ne ters tä­sir edip, dür­li nä­hoş­luk­la­ra ge­ti­rip bil­ýär. Eý­sem, D wi­ta­mi­ni­ nä­hi­li ýag­daý­da ka­bul et­me­li? D wi­ta­mi­­niň ýet­mez­çi­li­gi nä­hi­li ýag­daý­la­ra se­bäp bol­ýar?

«Kal­si­fe­rol» diý­lip hem at­lan­dy­ryl­ýan D wi­ta­mi­ni be­den­de kal­si­niň we fos­fo­ryň siň­di­ril­me­gi­ne, süňk­le­riň we diş­le­riň sag­dyn ös­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Ýag­da ere­ýän bu wi­ta­min de­ri­de Gün şöh­le­si­niň üs­ti bi­len sin­tez edil­ýär ýa-da iý­mit ar­ka­ly be­de­ne aralaşýar. Ba­gyr­da we ýag do­ku­ma­la­ryn­da sak­lan­ýan bu wi­ta­mi­niň 2 esa­sy gör­nü­şi – D2 (er­go­kal­si­fe­rol) we D3 (ho­lecalcife­rol) gör­nüş­le­ri bar.

Hü­när­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, bä­bek­le­riň we uly ýaş­ly adam­la­ryň be­de­ni D wi­ta­mi­ni has köp ta­lap ed­ýär. Ulu­lar­da süňk­le­riň gow­şa­ma­gy ýa-da dö­wül­me­gi, ça­ga­lar­da süňk ösü­şi­niň bo­zul­ma­gy, ýü­rek-da­mar ul­ga­myn­da­ky ýet­mez­çi­lik­ler, dem­gys­ma, kä­bir ýo­kanç­lyk­lar D wi­ta­mi­­niň ýet­mez­çi­li­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

Haý­sy iý­mit­ler­de

D wi­ta­mi­ni sak­lan­ýar?

Ba­lyk­da, et­de, ba­gyr­da, ýu­murt­ga­nyň sa­ry­syn­da, peý­nir, mes­ge, ga­tyk ýa­ly süýt önüm­le­rin­de, pet­ruş­ka we kin­za ýa­ly gök ot­lar­da D wi­ta­mi­ni sak­lan­ýar.

Ho­wa­nyň ys­sy gün­le­rin­de ir­den sa­gat 10:00-dan 18:00-a çen­li ara­lyk­da Gü­nüň aşa­gyn­da gez­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär. Gün şöh­le­sin­den gel­ýän D wi­ta­mi­ni dog­ry we zy­ýan­syz ka­bul et­me­giň wag­ty ir­den 9:00-a çen­li we ag­şam­lyk 19:00-dan soň ha­sap edil­ýär.