Ýurdumyzda her bir ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesilleri şan-şöhraty äleme dolan gamyşgulak bedewlerimize buýsanç, hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, Bedew ýyly bolan 2026-njy ýyly behişdi bedewleriň ady bilen baglanşykly atlandyryp, Türkmenistanyň Mejlisi 2026-njy ýyly “Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” diýip yglan etdi. Şol şatlykly wakalaryň şanyna Türkmenistanyň Tebigaty Goramak Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleri Türkmenabat şäheriniň 35-nji orta mekdebiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär mekdebiniň, Maliýe we ykdysadyýet orta okuw mekdebiniň okuwçy we talyp ýaşlaryň şeýle-de ýaşaýjylaryň, dilleri senaly gojalarymyzyň gatnaşmaklarynda ýurdumyzda gadam goýlan ýylyň döwrebap atlandyrylmagy mynasybetli “Bedewim – şan şöhratym” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Dabaranyň guraýjysy bolup çykyş edýän Türkmenistanyň Tebigaty Goramak Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleri Gunça Pamyýewa, Maýsa Berdiýewa şeýle-de talyp ýaşlaryň dabara gatnaşyjylaryň eden täsirli çykyşlary gamyş gulak bedewlerimiziň owadanlygy, duýgurlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy dogrusynda bolup, dabara gatnaşyjylarda uly täsirini galdyrdy.
Taryhdan belli bolşy ýaly, agyr söweşlerde bedew atlar edil adam ýaly duýgulary başdan geçirip, öz eýelerine wepalylygyň aňrybaş nusgalaryny görkezipdirler. At türkmeniň uçar ganaty hasaplanypdyr. Hakykatdan-da türkmeniň geçmişini, şu gününi, geljegini bedew atsyz göz öňüne getirmek kyn. Şeýle bolansoň behişdi bedewler dogrusynda edilýän sözler biziň günlerimize gelip ýetipdir. Häzirki wagtda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan gamyşgulak bedewlerimize aýratyn sarpa goýulýar. Häzirki wagtda eziz Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda atçylyk sport toplumlary döredilip, at sportlary bilen meşgullanmaga mümkinçilik döredildi.
Duşuşygyň esasy maksady, “Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýylynyň gamyş gulak bedewlerimiz bilen utgaşyp, olaryň özboluşly sazlaşygyny wasp edip, olara söýgi döretmekden ybarat boldy.
Çykyşlaryň ýörite görkezme esbaplary – fotosuratlar, gerbäpler bilen baýlaşdyrylmagy, şeýle-de dabara gatnaşyjylaryň Lebap atçylyk sport toplumynda behişdi bedewlerimize edilýän idegleri, olaryň çarpaýa galýan pursatlary bolsa olarda ruhubelent duýgulary oýardy.

Merdan Jumaýew, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň başlygyň orunbasary.