Be­dew­ler adam­zat ta­ry­hyn­da müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da mö­hüm orun eýe­läp ge­lip­dir. Olar di­ňe bir ho­ja­lyk we ulag se­riş­de­si hök­mün­de däl, eý­sem, adam dur­mu­şy­nyň ru­hy me­de­ni we jem­gy­ýet­çi­lik ta­rap­la­ry­na tä­sir ed­ýän aý­ra­tyn jan­dar hök­mün­de ta­nal­ýar. Hä­zir­ki wagt­da hem at­la­ryň adam sag­ly­gy­na we ter­bi­ýe­si­ne ýe­tir­ýän oňyn tä­si­ri yl­my taý­dan öw­re­nil­ýär we iş ýü­zün­de giň­den ula­nyl­ýar.
Bi­ler­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, be­dew­ler adam ru­hu­na ra­hat­lan­dy­ry­jy tä­sir ed­ýär. Yn­san gy­lyk­ly be­dew­ler ada­myň ru­hy dart­gyn­ly­ly­gy­ny pe­sel­dip, sus­su­pes­li­gi azald­ýar. Bu bol­sa ada­myň özü­ne bo­lan yna­my­ny art­dyr­ýar hem-de emo­sio­nal de­ňag­ram­ly­ly­gy di­kelt­mä­ge kö­mek ed­ýär.
Hä­zir­ki dö­wür­de be­dew­ler bi­len be­je­riş usu­ly – gip­po­te­ra­pi­ýa dür­li psi­ho­lo­gik nä­saz­lyk­la­ryň be­jer­gi­sin­de peý­da­la­nyl­ýar. Bu usul be­je­rişiň te­bi­gy we zy­ýan­syz gör­nü­şi hök­mün­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Ata mün­mek be­de­niň köp san­ly myş­sa­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­ýän peý­da­ly be­den­ter­bi­ýe gör­nü­şi­dir. At mün­me­giň do­wa­myn­da oňur­ga, bil we aýak myş­sa­la­ry güýç­len­ýär, de­ňag­ram­ly­lyk hem-de be­de­niň umu­my he­re­ke­te uý­gun­laş­ma uky­by go­wu­lan­ýar.
Gip­po­te­ra­pi­ýa, esa­san hem, he­re­ket müm­kin­çi­lik­le­ri çäk­li bo­lan ça­ga­lar we di­kel­diş döw­rün­dä­ki has­sa­lar üçin ne­ti­je­li ha­sap­lan­ýar. At­la­ryň ritm­li he­re­ket­le­ri adam be­de­ni­ne te­bi­gy tür­gen­le­şik hök­mün­de tä­sir ed­ýär.
Be­dew­ler adam­da jo­gap­kär­çi­lik, sa­byr­ly­lyk we ter­tip­li­lik ýa­ly hä­si­ýet­le­ri ös­dür­ýär. At bi­len meş­gul­lan­ýan adam onuň ide­gi­ne, iý­mi­ti­ne we sag­ly­gy­na jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär. Bu ýag­daý ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mek­de hem ähmiýetlidir.
Ça­ga­lar be­dew­ler bi­len ara­gat­na­şyk ar­ka­ly zäh­me­te hor­mat goý­ma­gy, jan­dar­la­ra mä­hir­li bol­ma­gy we ter­tip-düz­gü­ni sak­la­ma­gy öw­ren­ýär­ler. Bu hä­si­ýet­ler ola­ryň jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­a hem oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.
Be­dew­ler köp halk­la­ryň mil­li me­de­ni­ýe­ti­niň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Olar folk­lor­da, ede­bi­ýat­da we sun­gat­da güýç, mert­lik hem-de er­kin­lik ny­şa­ny hök­mün­de be­ýan edil­ýär. At­çy­lyk spor­ty we mil­li at oýun­la­ry sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni wa­gyz edip, jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ýar.

Hajymuhammet DÖWLETGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.