Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy, ildeşlerimizi gündelik durmuşda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmäge çagyryp, ýaşaýyşdyr edara jaýlaryndan çykmazdan öň, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri esasynda jaýlary gözden geçirip, elektrik we gaz enjamlaryň öçürilendigini barlamagy ýatdan çykarmazlygy hem-de elektrik we gaz enjamlaryny iş ýagdaýynda gözegçiliksiz galdyrmagyň howply bolup biljekdigini ýatladýar.
Gündelik durmuşda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmek bilen bagly käbir maslahatlary siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
Ýaşaýan öýleriňizde ýangyn döremek howpunyň öňüni almak maksady bilen, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini ähli maşgala agzalaryna, çagalara öwretmek zerurdyr. Öýden çykmazdan öň, öýüň içini gözden geçirip, bar bolan ähli elektrik birikdirijileriň boşdugyny, elektrik enjamlaryň birikdirilmändigine doly göz ýetirip, aşhana otagy gözden geçirilende gaz we elektrik plitalaryň öçürilendigine üns bermeli. Şemal arkaly ýokarky gatlardan dürli zatlaryň düşmezligi üçin, penjireleri ýapmaly.
Elektrik enjamlarynda ýangyn dörände, enjamy elektrik ulgamyndan öçürmän, suw bilen söndürmek howpludyr. Jaýyň ýokarky gatlaryndan düşülende lifti ulanmak gadagan. Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek, howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk çäreleri ýerine ýetirmekden ybaratdyr.
Ýangyn hadysasy dörände ýagdaýlary nazara almak bilen, gysga wagtyň içinde adamlary howpsuz ýere guramaçylykly çykarmak üçin mümkin bolan has howpsuz halas ediş ýollaryny we çykalgalaryny kesgitläp, howsala düşmäge sebäp bolýan şertleri aradan aýyrmaly.
Howply ýerlerde ähli jaýlary, otaglary jikme-jik ünsli barlap, ýangyn dörän ýerinde, jaýyň girelgelerinde we çykalgalarynda adamlaryň ýangynyň dörän ýerine yzyna dolanmazlyklary üçin, howpsuzlyk gorag nokatlaryny döretmeli.
Ýangynyň alamatlaryny duýan her bir adam haýal etmän, öý telefonyndan «01», öýjükli el telefonyndan «001» belgä jaň edip, ýangyn söndüriş toparyna habar bermäge borçludyr.
Gurbangeldi ATAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň 6-njy bölüminiň uly gözegçisi, içerki gullugyň podpolkownigi.