Berkararlyk durnukly ösüşiň, parahatlygyň we jemgyýetde agzybirligiň möhüm binýadydyr. Halkymyzyň taryhynda hem döwletimiziň berkararlygyny goramaga we pugtalandyrmaga iň ýokary gymmatlyk hökmünde garalyp gelinýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüşiniň häzirki derejesi hem hut şol berkararlyk ýörelgesine esaslanýar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler, ykdysady we durmuş maksatly maksatnamalar halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir başlangyç, her bir ädim döwletimiziň mizemez durnuklylygyny berkitmäge hyzmat edýär.
Berkararlyk diňe bir döwlet gurluşyny ýa-da ykdysadyýetiniň durnuklylygyny aňlatmaýar. Ol jemgyýetiň ruhy, medeni we ahlak binýadynyň hem pugtalanmagydyr. Halkymyzyň milli gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna we agzybirligine esaslanýan bu berkararlyk ýurdumyzyň ähli ugurlarda ösüşiniň kepilidir.
Ýurdumyzda giň gerimli taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar, häzirki zaman infrastrukturalary döredilýär, bilim, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ulgamlary kämilleşdirilýär. Bularyň bary halkymyzyň döredijilik güýjüni artdyrýar, ýurdumyzyň dünýä derejesindäki abraýyny has-da belende galdyrýar.
Netijede, berkararlyk – ösüşleriň binýady, ösüş bolsa berkararlygyň kepili hökmünde Türkmenistanyň häzirki zaman taryhynda ornuny tapýar.
Döwlet ALIŞEROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.