Şä­her­leş­me­giň art­ma­gy be­ýik bi­na­la­ryň sa­ny­nyň kö­pel­me­gi­ne ge­tir­di. Esa­san hem, se­na­gat we ma­li­ýe taý­dan ös­ýän şä­her­le­riň ila­ty gys­ga wagt­da ar­typ, has be­lent bi­na­la­ryň gu­rul­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Be­ýik bi­na­lar we şä­her ge­ňe­şi (CTBUH) 150 metr­den be­ýik bi­na­ny gök­di­rän di­ýip ha­sap­la­ýar. Bu eda­ra­nyň ber­ýän mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, hä­zir­ki wagt­da Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da iň köp gök­di­rän Tür­ki­ýe­de bar. Ýurt­da 67 sa­ny gök­di­rän bo­lup, ola­ryň 48 sa­ny­sy Stam­bul­da ýer­leş­ýär. Ikin­ji orun­da­ky Rus­si­ýa­da 51 sa­ny, üçün­ji orun­da­ky Ang­li­ýa­da be­ýik­li­gi 150 metr­den geç­ýän 33 sa­ny gök­di­rän bar. Sa­na­wyň soň­ky bas­gan­çak­la­ryn­da Ger­ma­ni­ýa (20), Is­pa­ni­ýa (13), Pol­şa (12), Ni­der­land­lar (6), Ita­li­ýa (6), Awst­ri­ýa (3), Şweý­sa­ri­ýa (1) we Şwe­si­ýa (1) bar.

Hy­taý bi­rin­ji
Dün­ýä­de bol­sa Hy­taý öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Iň köp ilat­ly ýurt­da 2 müň 708 sa­ny gök­di­rän bar. Ikin­ji orun­da­ky ABŞ-da 848 sa­ny be­ýik bi­na bar. Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri (310), Ko­re­ýa Respublikasy (272), Ýa­po­ni­ýa (269), Ma­laý­zi­ýa (140), Awst­ra­li­ýa (136), In­do­ne­zi­ýa (128), Tai­land (124), Ka­na­da (122), Fi­lip­pin­ler (120), Hin­dis­tan (97), Sin­ga­pur (96), Pa­na­ma (65) we Bra­zi­li­ýa (54) be­ýik bi­na­la­ryň köp bo­lan ýurt­la­ry­nyň sa­na­wy­na gir­ýär.
Du­baý­da­ky 828 metr­lik «Burj Ha­li­fa» bi­na­sy dün­ýä­niň iň be­ýik yma­ra­ty ha­sap­lan­ýar. Ikin­ji or­ny Hy­ta­ýyň Şan­haý şä­he­rin­dä­ki «Shang­hai To­wer» bi­na­sy eýe­läp, onuň be­ýik­li­gi 632 met­re ýet­ýär.
Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň Mek­ge şä­he­rin­dä­ki Kä­bä­niň Sa­gat di­ňi üçün­ji ýer­de bo­lup, be­ýik­li­gi 601 met­re ýet­ýär.

Mer­dan Ba­ba­ýew,
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Döw­let gul­lu­gy aka­de­mi­ýa­sy­nyň diň­leý­ji­si.