Saud Arabystanynyň Tabuk welaýatynda uzynlygy 170 kilometr boljak şäher gurlar. “Line”, ýagny çyzyk manysyny berýän ilatly ýeriň bir tarapy deňze baryp ýetýär. Akaba aýlagyndan başlanjak şäheriň giňligi bary-ýogy 200 metr bolup, dag gerşiniň golaýynda bolar. Taslamanyň sekiz ýylyň dowamynda gurulmagyna garaşylýar. Täze şäheriň 10 million töweregi ilaty bolar. Ekologiýa taýdan arassa boljak şäherde iň uzak syýahat wagty 20 minut bolar. “Neom” atly taslamanyň çäklerinde metropolisde iş ýerleri, dynç alyş ýerlerine, dükanlar, mekdepler, hassahanalara ýöräp barar ýaly ýakyn bolar. Ekoşäher üçin 100 milliard dollar maýa goýum özleşdiriler. Saud Arabystanynyň dünýäniň iň uly nebit eksportçylarynyň biridigine garamazdan, bu şäherde ýaşaýyş jaýlary we awtoulaglar 100 göterim täzelenýän energiýadan peýdalanýar. Ulag üçin şähere iki dürli ýerasty gatlak açylmagy meýilleşdirilýär. Ekologiýa taýdan arassa şäheriň ilkinji ýaşaýjylary 2024-nji ýylda göçüp bararlar. Ilatly ýeriň içinden geçjek ýokary tizlikli demir ýol  bilen şäheriň bir tarapyndan beýleki çetine 20 minutda baryp bolar. Bu ýerde awtoulag üçin bolsa ýol göz öňünde tutulmaýar. Gysga aralygy welosiped ýa-da elektrik samokatlar bilen gidiler.

Sahymuhammet Päliwanow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby