Beýik Britaniýanyň Kent we Grinwiç uniwersitetleri birleşip, ýurtda ilkinji «superuniwersitet» bolan «London and South East University Group» (LASE) toparyny döretdiler. Täze döredilen toparda 50 müňden gowrak talyp bilim alar we ol talyplarynyň sany babatda Beýik Britaniýada üçünji orny eýelär. Bu birleşme ýurduň ýokary bilim ulgamynyň agyr ykdysady ýagdaýlary başyndan geçirýän we birnäçe iri ýokary okuw mekdepleriniň maliýe taýdan batmak gorkusy astynda duran döwründe amala aşyryldy.

Täze düzüm geljekde başga uniwersitetleriň hem goşulmagyna niýetlenip taslandy. Ylalaşyga görä, iki uniwersitet hem öz ozalky atlaryny we akademik bölümlerini saklap galar – talyplar öňküsi ýaly saýlan okuw jaýyna resminamalaryny tabşyrarlar we şol ýeriň diplomyny alarlar. Emma olaryň umumy dolandyryş topary we rektory bir bolar. LASE toparynyň resmi açylyş dabarasy 7-nji sentýabrda Grinwiç, Eýweri-Hill, Medueý we Kenterberi şäherçelerinde (kampuslarynda) geçiriler.

Täze guramanyň ilkinji rektory professor Jeýn Harrington bu birleşmäniň uniwersitetler üçin çeýe täze modeli döredendigini hem-de öňde duran kynçylyklary ýeňip geçmäge mümkinçilik berjekdigini belledi. Deputatlaryň aýtmagyna görä, beýle adaty bolmadyk çäre diňe bir maliýe kynçylyklarynyň öňüni almaga kömek etmän, eýsem, Beýik Britaniýanyň halkara bilim meýdanyndaky abraýyny goramaga we ýurduň ykdysadyýetine uly peýda getirmäge ýardam eder.