26-njy fewralynda Lankaster binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuperiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Gepleşiklere Birleşen Patyşalygyň Ýewropa, Demirgazyk Amerika we daşarky çäkler boýunça Döwlet ministri Stiwen Dauti hem gatnaşdy.
Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumy, sebit gün tertibi hem-de halkara ähmiýetli häzirki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. “Merkezi Aziýa – Birleşen Patyşalyk” görnüşindäki ilkinji ministrler derejesindäki duşuşygyň ähmiýeti bellenildi we taraplar ony amaly mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.
Türkmenistan ähli halkara meseleleriniň diňe parahatçylykly syýasy-diplomatik serişdeler arkaly, halkara hukugynyň kadalaryna we BMG-niň Tertipnamasyna laýyklykda çözülmegine ygrarlydygyny tassyklady.
Ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine, şol sanda ýaşyl tehnologiýalar, sanlylaşdyrma we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga, şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge garaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-britan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar hem-de ýokary derejeli saparlary guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Soňra birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
* * *
Soňra Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Birleşen Patyşalygyň Daşary işler ministrleriniň iş nahary geçirildi. Ol Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Iwett Kuperiň adyndan guraldy.
Iş naharynda sebit hyzmatdaşlygy, şol sanda howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş we sebitara gatnaşyklary berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda amaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge we sebit howpsuzlygyny berkitmäge gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlary öňe sürdi. Olaryň hatarynda bilelikdäki okuw maksatnamalaryny işe girizmek hem-de “Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy” atly täze görnüşi döretmek bar.
Owganystanyň parahatçylykly ösüşine goldaw bermek maksady bilen infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmegiň, şol sanda TOPH gaz geçirijisini, elektrik geçiriji ulgamlary hem-de owgan ugry boýunça demir ýol gurluşygyny amala aşyrmagyň ähmiýeti nygtaldy.
Şeýle hem britan hukuk we maslahat beriş kompaniýalaryny çekmek arkaly tehniki we maslahat beriş hyzmatdaşlygyny giňeltmek, serhetara söwdanyň aç-açanlygyny üpjün etmek üçin sanly çözgütleri ornaşdyrmak teklip edildi.
Sebitiň durnuklylygyny we yzygiderli ösüşini berkitmek maksady bilen Beýik Britaniýanyň tehnologik mümkinçiliklerini Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatik tagallalary bilen utgaşdyrmagyň möhümdigi aýratyn bellenildi.