Milli medeniýetimize, ene dilimize, nusgawy edebiýatymyza bolan buýsanç geçmiş mirasymyzy öwrenmäge ruhlandyrýar. Geçmiş mirasy öwrenmekde bolsa Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary gymmatly hazyna bolup durýar. Çünki akyldar şahyryň goşgulary türkmen diliniň, edebiýatynyň baýlyklaryny özünde jemleýär. Halkymyz şygryýet äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýar. Türkmeniň akyldar şahyry durmuşyň dürli taraplary barada ajaýyp şygyrlary döretmek bilen, baý edebi mirasy galdyrdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebiýatyň altyn hazynasyna giren gymmatly edebi mirasy alymlar tarapyndan öwrenilýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hökmünde bellenilip geçilýän şu ýylda beýik akyldar şahyrymyzyň waspy giňden beýan ediler. Beýik söz ussadynyň çeper döredijiligini, goşgular ýygyndylaryny dünýä ýüzünde jar etmek üçin dürli işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda akyldar şahyrymyzyň sarpasy belentden tutulyp, beýik şahyrymyzyň adyny göterýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hereket edýär. 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda döredijilik gurultaýy geçirilip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy döredildi we Tertipnamasy kabul edildi. Bu gurama türkmen ýaşlarynyň beýik şahyrymyzyň bize miras goýup giden watançylyk taglymatlary esasynda terbiýelenip, ulalmagy ugrunda giň tagallalar edilýär.
Şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty hereket edýär. Bu ylmy-jemgyýetçilik edarasy türkmen dil biliminiň, edebiýaty öwreniş ylmynyň nazary hem amaly meselelerini we halk döredijilik eserlerini ylmy esasda derňeýän hem-de gymmatly golýazma mirasymyzy aýawly saklap, düýpli öwrenýän, kitap görnüşinde halk köpçüligine ýetirýän ýöriteleşdirilen ylmy merkez hökmünde hereket edýär.
Ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdebi akyldar şahyrymyzyň adyny göterýär. Ol hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetidir. Mundan başga-da, akyldar şahyrymyzyň waspynyň hemişe ýetirilip durulmagy üçin teatrlar, muzeýdir ýadygärlikler toplumlary guruldy we gurulýar. Akyldar şahyrymyzyň adyny göterýän Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatry bolup, onda täsirli we gyzykly oýunlaryň birnäçesi sahnalaşdyryldy. Olaryň köpüsi ýerli awtorlaryň eserleri bolup, türkmen halkynyň taryhyndan, Garaşsyz Türkmenistanyň bagtyýar raýatlarynyň gazanýan üstünliklerinden söhbet açýar.
Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikler toplumlary barada söz açylanda, ol paýtagtymyz Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän ýadygärlikler toplumyny agzamak bolar. Balkan welaýatynda akyldar şahyryň adyny göterýän muzeý hereket edýär. Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikleridir heýkelleri daşary ýurtlarda hem oturdyldy. Häzirki wagtda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda akyldar şahyryň heýkelini oturtmak babatda degişli işler alnyp barylýar.
Şu ýerde dünýä belli alymlaryň, dilçileriň, görnükli jemgyýetçilik wekilleriniň Magtymguly Pyraga belent sarpasynyň nyşany hökmünde aýdan sözleriniň käbirini mysal getirsek ýerlikli bolar. Meşhur wenger alymy Armeniý Wamberiniň belleýşi ýaly, Magtymgulynyň şygyrlar ýygyndysy iňňän gyzykly. Onda, bir tarapdan, türkmen diliniň arassa nusgasyny görsek, ikinjiden, beýleki Gündogar şahyrlarynyň eserlerinde seýrek duş gelýän zatlar barada jikme-jik aýdylýar. Şeýle hem rus alymy Ýewgeniý Bertels Magtymgulyny taryplap şeýle diýýär: «Türkmen halky ençeme şahyrlary döretdi, emma şolaryň arasynda söz ussady, deňi-taýy bolmadyk beýik Magtymguly birinji orunda durýar. Magtymguly türkmeniň poeziýasynda gymmatbaha daşlaryň biri bolup, ol biziň zamanamyzda täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar».
Güljahan NURMYRADOWA,
Gökdepe etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.