Hünärmenler yzygiderli maşk etmegiň we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň beýni üçin peýdalydygyny belleýärler. Şeýle hem käbir oýunlaryň, gyzykly güýmenjeleriň hem beýnini işjeňleşdirmekde we ýatkeşligi ösdürmekde ähmiýetiniň uludygyny nygtaýarlar. Şeýle güýmenjeleriň biri hem krossword hasaplanýar.
1913-nji ýylyň 21-nji dekabrynda žurnalist Artur Winn (1871-1945ý.) tarapyndan Nýu-Ýorkda «söz kesişmesi» (word-cross) ady bilen ilkinji krossword çap edilýär. Ilkibaşda geň görlendigine garamazdan, içine sözler ýerleşdirilýän, ak-gara öýjükli güýmenje köpçüligiň arasynda krossword ady bilen meşhur bolup başlaýar. Nýu-Ýorkdan gözbaş alan bu güýmenje wagtyň geçmegi bilen beýleki şäherlere hem ýaýraýar.
Sudoku, söz tapmak, skanword we krossword ýaly güýmenjeler beýnä «tälim beriji» oýunlar hasaplanýar. Wagtyňy gyzykly geçirmek üçin güýmenilýän iň esasy oýunlaryň biri, megerem, krossword bolsa gerek. Eliňe ruçkadyr galam alyp, çaý başyna geçip, krossword çözmegiň öz lezzeti bar. Öýjüklere jogaplar ýerleşdirilende beýni birnäçe amaly ýerine ýetirýär. Ilki bilen soraglar hakda pikirlenilip, beýnidäki maglumatlara gözleg ugradylýar. Beýni krosswordyň jogaplaryny tapmak üçin ýatda saklanan maglumatlary bir-birden gözden geçirýär. Şeýlelikde, öň okalan we ýatda saklanan maglumatlar gaýtadan ýadyňa düşýär hem-de dikeldilýär.
Krossword ýönekeý güýmenje ýaly bolup görünse-de, akyl taýdan sagdyn bolmak üçin peýdaly oýunlaryň biridir. 2022-nji ýylda geçirilen barlaglarda meýletinçiler 12 hepdäniň dowamynda çylşyrymlylygy taýdan dürli-dürli krossword çözmäge synanyşdylar. Netijede, ýatkeşligi pes ýa-da pikirlenmekde kynçylyk çekýän meýletinçileriň aň taýdan gowulaşandygy ýüze çykaryldy.
2024-nji ýylda geçirilen barlaglarda bolsa 9 müňden gowrak adamyň durmuş ýörelgesi gözden geçirildi. Boş wagty krossword, sudoku ýaly oýunlara güýmenýän adamlaryň pikirlenmek ukybynyň has güýçlüdigi, şeýle hem ýatkeşliginiň we söz baýlygynyň giňdigi ýüze çykaryldy.
Huşsuzlyk we aň-düşünjäniň peselmegi ýaly keselleriň öňüni almakda krossword çözmegiň peýdalydygy bellenilýär. Ak-gara öýjükli güýmenje bilen yzygiderli meşgullanýan adamlarda nerw bozulmalary, ýatkeşligiň peselmegi ýaly alamatlar seýrek duş gelýär. Ilkibaşda kyn we çylşyrymly krosswordy çözmäge synanyşmak beýnini ýadadýar we sussupeslige sebäp bolýar. Şol sebäpli hünärmenler krossword çözülende ilki aňsadyndan başlap, soňra ýuwaş-ýuwaşdan kynlaşdyrmagy maslahat berýärler.