“Grammy” baýragynyň eýesi Amerikan aýdymçysy Beýonse “Forbes” žurnalynyň taýýarlan milliarderleriň sanawynda orun aldy. Şeýlelikde, 44 ýaşly Beýonse bu sanawa giren bäşinji aýdymçy boldy. Neşiriň habaryna görä, Beýonseniň esaslandyran kompaniýalary we brendlerinden gazanan guirdejisi, şeýle hem aýdym-saz karýerasynyň dowamynda edinen baýlyklarynyň umumy möçberi bir milliarda ýetdi. Mundan ozal onuň ýanýoldaşy, repçi Jay-Z hem bu sanawa giripdi. Bu jübüt bilen bir hatarda Teýlor Swift, Brýus Springstin we Rianna ýaly aýdymçylar hem milliarderleriň sanawynda özüne orun tapypdy.