Günbatar Afrika ýurtlarynyň ykdysady bileleşiginiň (ECOWAS) täze bilelikdäki pul birligi bolan “eco”-nyň 2027-nji ýylda güýje giriziljekdigi mälim edildi. Bu ýurtlar 2019-njy ýylyň dekabrynda täze bilelikdäki pul birligine geçmek kararyna gelipdiler. ECOWAS Komissiýasynyň başlygy Žan-Kloud Kassi Brou Gananyň paýtagty Akrada geçirilen 59-njy ECOWAS sammitinde täze pul birligi üçin “Ýol kartasynyň” taýýarlanandygyny mälim etdi. Şeýlelikde Benin, Burkina Faso, Gwineýa-Bissau, Kot-d’Iuwar, Mali, Niger, Senegal we Togo bilelikdäki walýutany ulanarlar. Fransiýanyň ozalky koloniýalary bolan bu ýurtlar 70 ýyl töweregi wagtdan bäri “CFA franky” atly pul birligini ulanýarlar.