Rus­si­ýa bi­len Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy bi­le­lik­de elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän aw­to­bus ön­dür­me­gi mak­sat edin­ýär. Rus­si­ýa­nyň Ir­kutsk ob­las­ty­nyň ösüş kor­po­ra­si­ýa­sy bi­len Çun­sin kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň bi­le­lik­de dö­ret­jek «Çun­sin Ma­mont Brend-Me­nej­ment» kom­pa­ni­ýa­sy tä­ze önüm­çi­lik tas­la­ma­sy­nyň üs­tün­de iş­le­ýär. Bu ba­bat­da 2022-nji ýyl­da ge­çi­ri­len yk­dy­sa­dy fo­rum­da de­giş­li yla­la­şyk ga­za­ny­lyp­dy. Ta­rap­lar 2025-nji ýyl­da bu tas­la­ma­­ny dur­mu­şa ge­çir­me­gi göz öňün­de tut­ýar.
Tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de hy­taý­ly ön­dü­ri­ji­le­riň teh­no­lo­gi­ýa­sy ula­ny­lyp, elekt­rik­li aw­to­bus­la­ryň ýyg­nal­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýär. Soň­lu­gy bi­len şeý­le ulag­lar üçin zar­ýad müm­kin­çi­li­gi göz öňün­de tu­tul­ýar.

Çynar AKWELIÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.