1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy. Asylly däbe görä, täze okuw ýylynyň ilkinji güni Garaşsyzlyk binasyna we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki hem-de Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärliklerine gül goýmak bilen başlandy. Bilimler we talyp ýaşlar gününde ähli orta hem ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar geçirilip, olarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda ýaş nesillere bilimler we ylymlar dünýäsinde üstünlikler arzuw edilýär.
Ýurdumyzyň bilim edaralarynda ilkinji okuw sapagy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de şu ýylda 30 ýyllygy bellenilýän hemişelik Bitaraplygymyza bagyşlandy.
Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli paýtagtymyzda we Lebap welaýatynda täze binalaryň açylyş dabaralary boldy. Hususan-da, jemi 2 müň 800 orunlyk 4 sany umumybilim berýän orta mekdep, 1 müň 120 orunlyk 4 sany çagalar bagy açylyp ulanmaga berildi. Dabaralara Mejlisiň deputatlary, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, şäherleriňdir obalaryň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 160 orunlyk, Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda 320 orunlyk, Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň ugrunda 320 orunlyk, Bagtyýarlyk etrabynyň “Ýasmansalyk” ýaşaýyş toplumynda 320 orunlyk çagalar baglary açylyp ulanmaga berildi. Dürli ýaşdaky toparlar üçin amatly we owadan mebelleri bolan oýun, ýatakhana, synp otaglary, şol sanda mekdebe çenli bilim üçin döwrebap ulgamlar üpjün edilen lingafon hem-de kompýuter otaglary göz öňünde tutuldy.
Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 960 orunlyk we 720 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň, Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabaralary hem ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. 400 orunlyk umumybilim berýän döwrebap orta mekdep Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Bekaryk obasynyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Täze mekdeplerde amatly mebeller, döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen ýagty we giň okuw otaglary mugallymlardyr çagalaryň ygtyýaryna berildi. Ýöriteleşdirilen okuw otaglarynda gurnalan multimedia we interaktiw enjamlar dersleri has içgin öwrenmäge ýardam berer. Mekdeplerde okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny, zehinini açmak üçin hem ähli şertler göz öňünde tutuldy. Bu ýerde aýdym-saz otaglary, sport we medeni çäreler üçin zallar, zähmet dersini özleşdirmek üçin otaglar, okuw gollanmalary, çeper eserleri özünde jemleýän kitaphanalar bar.
1-nji sentýabrda ulanmaga berlen binalaryň açylyş dabaralary ýokary döredijilik galkynyşyny alamatlandyrýan aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşyp, ählihalk baýramçylygyna öwrüldi. Dabaralara gatnaşyjylar ösüp gelýän ýaş nesil barada edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.