Taryhyň sahypalaryny agtaryp, geçmişe nazar aýlasaň, adamzat aňynyň kämilleşip başlan döwürlerinden bäri islendik döwletiň ösüşiniň aňrysynda ylymly-bilimli kämil şahsyýetleriň durandygyna göz ýetirmek bolýar. Bu üýtgewsiz kada ýurdumyzyň ösüşiň belentden-belent menzillerine sary öňe barýan häzirki döwrümize hem mahsusdyr. Şonuň bilen birlikde, kämil şahsyýetleriň kemala gelmeginde olara berlen başlangyç bilimiň möhüm orun tutýandygyny hem bellemek gerek. Bu babatda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilime höwesli ýaşlara berilýän üns örän uly bolup, munuň netijesi bu ugurda ýetilýän üstünliklerde has-da aýdyň görünýär.
Ýaşlar – Watan daýanjy, ýaşlar – bagtly geljegiň kepili. Ýurdumyzda ýaşlaryň bilimli bolup ýetişmeklerine, milli terbiýesine aýratyn üns berilýär. Esasan hem, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi baş maksat edilip goýulýar. Şonuň üçin hem orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlarda ylym-bilime höwes döredilýär. Bu babatda olaryň köp okamalydygy, hünär öwrenmelidigi barada wagyz işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlik maksatnamasynda: «Türkmenistan ýaş nesillere aýratyn üns berilýän ýurtdur. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegi Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesillerdir. Bu nesil eziz Watanymyzyň geljegini gurujylardyr. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has artdyrmak, intellektual ösüşi üpjün etmek, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmek, esasan, häzirki nesilleriň hemmetaraplaýyn taýýarlygyna baglydyr» diýip bellemek bilen, ýaşlary beýik geljegi gurmaga çagyrýar.
Häzirki taryhy döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň we mekdep okuwçylarynyň iri halkara çärelerine, bäsleşiklere we olimpiadalara yzygiderli gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmaklary guwandyryjydyr. Şu ýylyň dokuz aýynda mekdep okuwçylary halkara ders we internet bäsleşiklerinde 136 altyn, 156 kümüş, 128 bürünç, talyplar bolsa 62 altyn, 109 kümüş, 164 bürünç medala mynasyp boldular. Ýurdumyzyň okuwçylarynyň hem-de talyplarynyň halkara ders, internet olimpiadalarynda 700-den gowrak medala mynasyp bolmaklary buýsanç bilen bellenmäge mynasypdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Okamagy we öwrenmegi, döredijilikli, yhlasly zähmet çekmegi, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini belende götermegi durmuş mekdebiňize öwürmelisiňiz» diýen pendine ygrarly zehinli ýaşlarymyzyň juwan kalplarynda besleýän hünärleriniň eýesi hökmünde ata Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine mynasyp goşandyny goşjak kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri halkymyzyň ýagty geljeginiň beýany bolup durýar.
Ýurdumyzda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, şunlukda ýaşlaryň bilim derejesini kämilleşdirmäge uly üns berilýändigi bellärliklidir. Kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, bu ulgam üçin goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi ýylyň-ýylyna artdyrylyp, ýurdumyzyň çar künjünde bilim maksatly döwrebap binalaryň gurluşygy amala aşyrylýar. Täze gurlup, ulanylmaga berilýän desgalar gurluşyk-binagärlik nusgalary, hil derejesi bilen düýpli tapawutlanýar, ýurdumyzyň bilim ojaklary döwrebap tehnologiýalar, okuw-tehniki enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Munuň özi okuw sapaklaryny innowasion usullardan peýdalanyp guramaga hem-de dünýä derejeli bilim ulgamyna eýermäge doly mümkinçilik berýär.
Ýaş türkmenistanlylaryň beden we ruhy taýdan ösen şahsyýet hökmünde kemala gelmekleri üçin amatly şertleri döretmek, olaryň intellektual, döredijilik, ruhy kuwwatyny jemgyýetiň we döwletiň bähbidine gönükdirmek türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ýaşlar syýasatynyň baş maksadydyr. Goý, ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!
Maksat Berdiýew,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.