Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 100 müňden köp ýaşaýjysy bolan 342 şäher bolup, bu şäherleriň köpüsi Atlantik we Ýuwaş ummanynyň kenarýakasynda ýerleşýär. ABŞ-daky şäherler owadan tebigaty, salkyn howasy we kaşaň jaýlary bilen syýahatçylary özüne çekýär. Miçigan kölüniň suwlarynda şöhlelenýän beýik binalary bilen görenleri haýrana goýýan Çikago hem Amerikanyň iň owadan we ösen şäherleriniň biridir. «Şemally şäher» ady bilen tanalýan bu şäher häzirki zaman binagärliginiň dörän ýeri bolup, rowaýata öwrülen blýuz aýdym-sazynyň mekany hasaplanýar.
Tutýan meýdany 600 inedördül kilometr bolan metropolda 3 milliona golaý ilat ýaşaýar. Illinoýs ştatynyň iň köp ilatly şäheri we ABŞ-da iň köp ilatly üçünji şäheri derejesini saklaýan Çikagoda amerikanlar, afroamerikanlar, ispanlar we aziýalylar ýaşaýar.
Çikago ýurduň iň uly kölleriniň biri bolan Miçigan kölüniň günorta-günbatar kenarynda ýerleşýär. Şol sebäpli şäherde plýažlar, kenarýaka dynç alyş merkezleri, seýilgähler we welosiped ýodalary örän köp. Şäheriň howasy hem jana şypaly bolup, maşk ýa-da gezelenç etmek üçin ýaramly hasaplanýar. Deňiz derejesinden 179 metr belentlikde ýerleşýän «şemally şäheriň» merkezinden Çikago derýasy akyp geçýär. Derýanyň ugrunda 38 sany köpri bolup, gije-gündiz suw ulaglary hereket edýär. Suw ulaglarynyň aglaba bölegi syýahatçylyk gämileri bolup, şäheriň binagärlik gurluşy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, Çikago derýasynda kömür, duz we gurluşyk enjamlary ýaly ýükler hem daşalýar.
Şäherde «Çikago mekdebi» diýlip atlandyrylýan beýik ymaratlaryň binagärligi esaslandyrylýar. Bulutlaryň arasyndan görünýän Çikagodaky binalar belentligi we kaşaňlygy bilen tapawutlanyp, täsin şäher gurluşyny emele getirýär. Çikagodaky iň beýik bina Willis diňi bolup, onuň beýikligi 442 metre ýetýär. Ondan soňra Tramp halkara myhmanhanasy we diňi (423 metr), Sankt-Regisdäki rezidensiýa binasy (365 metr), Aon merkezi (346 metr), Franklin merkezi (307 metr), Prudenşal Plaza 2 (303 metr) we Akwa binasy (262 metr) gelýär. Çikagonyň meşhur binalarynyň hatarynda «Bulut derwezesi» diýilýän «Cloud Gate» bolup, bu bina şäheriň binagärligi bilen häzirki zaman sungatyny birleşdirýär.
XX asyryň başynda Çikago göçüp baran afroamerikalylar «delta blýuz» sazyny getirip, elektrik saz gurallary bilen birleşdirýärler. Şeýlelikde, «Çikago Blues» ady bilen tanalýan güýçli we täsirli aýdym-saz stili döredilýär. Aýdym-sazyň bu žanry häzirki wagtda meşhur bolup, Çikagoda ýygy-ýygydan konsertler guralýar. Çikago her ýyl 55 million syýahatçy barýar. Çikagodaky iň esasy syýahatçylyk merkezi «Müňýyllyk» (Millennium Park) seýilgähi bolup, bu seýilgähdäki «Cloud Gate» we «Crown Fountain» hemişe köp adamly bolýar. Mundan başga-da, Çikago sungat muzeýi, Willis diňi, Tebigat taryhy muzeýi, Şedda akwariumy, «Navy Pier» söwda we dynç alyş merkezi, Linkoln seýilgähi şäheriň iň meşhur ýerleri hasaplanýar.