Häzirki wagtda ylymyň, tehnikanyň ösmegi bilen alymlar ähli ugurlarda ösüş gazanýarlar. Olaryň yzygiderli barlaglarynyň we gözlegleriniň netijesinde täze açyşlar peýda bolýar. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Çikago uniwersitetiniň hünärmenleriniň oýlap tapan metal ýaly geçiriji häsiýetli plastik materialyň ýasalmagy muňa mysal bolup bile. Bu materialyň häsiýeti gaty jisimlere meňzemeýär. Çikago uniwersitetiniň himikleri Jon Andersen bu plastik materialy öndürmegiň aňsatdygyny, şeýle-de bolsa olaryň geçirijiliginiň ýokarydygyny belleýär. Material gyzdyrylyp, sowadylyp, suwda goýlup, hatda kislotanyň içine salnyp synagdan geçirilipdir. Şeýle-de bolsa bu materaila hiç hili zeper ýetmändir. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, bu material elektronikanyň ösüşinde uly itergi berer. Sebäbi bu materialy gaýtadan işlemek islendik metaldan aňsat. Bu açyş ylym alymlary hem haýran galdyrdy. Geljekde onuň has kämilleşdirilmegi göz öňünde tutulýar.
Çikago Uniwersitetiniň hünärmenleri ýene bir açyş etdiler. Hünärmenler topary ýeriň temperaturasynyň ýylamagynyň öňüni almak maksady bilen geçirýän ylmy barlaglarynyň netijesinde emeli fotosintezi oýlap tapdylar. Wenbin Liniň we Jeýms Frankyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylan bu işiň esasy maksady global maýylganlygyň öňüni almak, ýangyjyň alternatiw görnüşlerini döretmekden ybarat bolup durýar. Bu emeli fotosintez tebigy fotosinteze esaslanyp döredilen hem bolsa fotosintezde sintezlenýän kislorod we organiki maddalardan başga bize ýangyç bolup hyzmat etýän metan, etan gazlary hem öndürilip bilinýär. Hünärmenleriň bellemeklerine görä bu açyş adamzady doly derejede ýangyç bilen üpjün etmese-de, bu ugurda döredilip biljek birnäçe açyşlara, oýlap tapyşlara badalga bolup biler. Wenbin Lin bu barada” Eger-de, himiki kärhanalary ösdürip kämilleşdirip, bu täze açyşy köp ulgamlarda ornaşdyrylyp bilinse, onda bu himiki tehnologiýany has-da ösdürer” diýip belleýär.
Aýsoltan Aşyrowa. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby