Hytaýda elektroulag önümçiligi we satuwy geçen ýyl rekord derejede artypdy. Bu artyş dowam edýär. Fewral aýynda bolsa elektroulag satuwy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 56 göterim, şu ýylyň ýanwar aýyndan 29 göterim ýokary bolupdyr. Şeýlelikde bir aýyň dowamynda satylan elektroulaglaryň sany 525 müňe ýetipdir. Ýanwar aýynda 408 müň elektroulag satylypdyr. Iň köp elektroulag satan kompaniýa BYD bolupdyr.
Fewral aýynda müşderilere ýetirilen elektroulaglaryň 376 müňüsi dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän bolsa, 149 müňüsi zarýad berip bolýan gibrid ulaglar bolupdyr.
Fewral aýynda ýurtda jemi 1 million 976 müň ulag satylypdyr. Bu görkeziji geçen ýyldakydan 13,5 göterim köpdügini görkezýär. Satylan ulaglaryň 26 göterimini dolulygyna elektrik energiýasy hem-de gibrid ulaglar emele getiripdir.
Şamäkam Atayew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
PDF









