Tebigatyň jana şypaly miweleriniň biri bolan üzüm asyrlarboýy saçagymyzyň bezegi bolup gelýär. Üzümi terligine iýmek bilen bir hatarda, kişmiş, mürepbe, şerbet we toşap taýýarlanylýar. Hünärmenler witaminleriň, minerallaryň we tebigy şekeriň çeşmesi bolan üzüm toşabynyň saglyk üçin örän peýdalydygyny belläp, her gün 1-2 nahar çemçesi möçberde içmegi maslahat berýärler.
Energiýany artdyrýar we ýadawlygy aýyrýar. Üzüm toşabynda köp mukdarda glýukoza we fruktoza bar. Bu maddalar bedende çalt energiýa öwrülip, adama güýç berýär. Irden üzüm toşabyny içmek günüňi energiýa bilen başlamaga we önjeýli işlemäge ýardam edýär.
Ganazlyga garşy göreşýär. Demre baý üzüm toşaby ganazlykdan ejir çekýänler üçin maslahat berilýän tebigy melhemleriň biridir. Her gün üzüm toşabynyň 1-2 çemçesini yzygiderli içmek gemoglobiniň derejesini ýokarlandyrýar we gan öýjükleriniň täzelenmegine ýardam edýär. Esasan hem, çagalara we zenanlara üzüm toşabyny içmek maslahat berilýär.
Immuniteti güýçlendirýär. Üzüm toşabyndaky antioksidantlar bedeni erkin radikallardan goraýar. Şeýle hem immuniteti güýçlendirip, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Gyş aýlarynda sowuklamanyň we dümewiň öňüni almak üçin üzüm toşabyny içmeli.
Iýmit siňdirişi ýeňilleşdirýär. Üzüm toşabyndaky organik kislotalar iýmit siňdirişi ýeňilleşdirip, aşgazany rahatlandyrýar. Şeýle hem içegäniň hereketini kadalaşdyryp, iýmit siňdiriş, iç gatama bilen bagly meseleleri aradan aýyrýar.
Süňk we diş üçin peýdaly. Üzüm toşabynyň düzüminde ýeterlik derejede kalsiý we magniý saklanýar. Bu minerallar süňküň we dişiň kadaly ösüşini üpjün etmek bilen bir hatarda, bogunlarda döreýän agyrylary azaltmaga ýardam edýär.