Ger­ma­ni­ýa­nyň “Sie­mens Ener­gy” kom­pa­ni­ýa­sy Ita­li­ýa­nyň Sar­di­ni­ýa we Si­si­li­ýa ada­la­ry­nyň ara­syn­da 970 ki­lo­metr­lik ener­gi­ýa ge­çi­ri­ji­si­ni we teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny üp­jün eder. Ne­mes kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Ita­li­ýa­nyň FA­TA kom­pa­ni­ýa­sy bi­len dö­re­den kon­sor­siu­my su­was­ty ka­bel­le­ri Ita­li­ýa­nyň gu­ry ýer bö­le­gi­ni Si­si­li­ýa ada­sy­na we ol ýer­den Sar­di­ni­ýa ada­sy­na bi­rik­dir­ýän ener­gi­ýa ge­çi­ri­ji­si üçin dört kon­wer­tor mer­ke­zi­ni üp­jün eder. Bu en­jam­lar üçin “Sie­mens Ener­gy” bir mil­liard ýew­ro­lyk sar­gy­dy ka­bul edip­dir.
Bu tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­len gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň has ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy, elekt­rik to­ru­nyň dur­nuk­ly­ly­gy­nyň art­dy­ryl­ma­gy we ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­la­ryň möç­be­ri­ni azalt­mak üçin ada­lar­da­ky kö­mür bi­len iş­le­ýän elekt­rik be­ket­le­ri­niň ýa­pyl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.
“Sie­mens” kon­wer­tor mer­kez­le­ri­niň esa­sy en­jam­la­ry­ny ön­dü­rer. Ital­ýan FA­TA bol­sa gur­lu­şyk iş­le­ri­ni, elekt­ro­mag­nit gur­na­ma­la­ry, kö­mek­çi des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­ny we beý­le­ki iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­rer. Kon­wer­tor mer­kez­le­ri­niň 2028-nji ýy­lyp ahy­ry­na çen­li gur­lup gu­ta­ryl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Mak­sat Mom­my­ýew, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.