1977-nji ýy­lyň 5-nji sent­ýab­ryn­da uçu­ry­lan «Voya­ger 1» kos­mos gä­mi­si­niň Ýer­den bir ýag­ty­lyk gü­ni uzak­ly­ga gi­den­di­gi mä­lim edil­di. Kos­mos gi­ňiş­li­gin­dä­ki sy­ýa­ha­ty­ny şon­dan bä­ri do­wam et­dir­ýän en­jam 25,3 mil­liard ki­lo­metr uzak­laş­dy. Bu ara­lyk ug­ra­dy­lan ha­ba­ryň 23 sa­gat 33 mi­nut­da bar­jak­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Gel­jek ýy­lyň 15-nji no­ýab­ryn­da kos­mos gä­mi­si 25,9 mil­liard ki­lo­met­re ýe­ter.
Şeý­le­lik­de, ABŞ-nyň Ae­ro­kos­mos eda­ra­sy (NA­SA) ta­ra­pyn­dan uçu­ry­lan en­jam ýa­rym asy­ra go­laý wagt­dan soň bir ýag­ty­lyk ýy­ly uza­ga gi­den il­kin­ji en­jam bo­lar. Ast­ro­no­mi­ýa­da bir ýag­ty­lyk güni diý­lip, şöh­lä­niň 24 sa­gat­da geç­ýän ara­ly­gy­na aý­dyl­ýar.

Mähri KAKAJANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.