Bir ýüzükde 12 müň 638 göwher daşy

130

Hindistanyň paýtagty Täze Delide ýaşaýan Hariş Bansalyň ýasan ýüzügi Ginnesiň Rekordlar Kitabyna girdi. Agramy 165 grama barabar bolan ýüzüge 12 müň 638 sany göwher daşy ýerleşdirilipdir. 25 ýaşly ussat zergär ýüzügini almaga isleg bildirýänleriň az däldigini, emma ony satmagy pikir etmeýändigini belleýär. Mundan ozalky rekord hem bu ýurda degişlidi. Ol ýüzükde 7 müň 801 göwher daşy bar eken.