18-nji ýanwarda Portugaliýada geçirilen Prezident saýlawlary ýurduň syýasy taryhynda uly gyzyklandyrma döretdi. Döwletiň iň ýokary wezipesi ugrunda rekord derejede – 11 dalaşgär bäsleşdi.
Birinji tapgyryň netijelerine görä, sesleriň 30 göteriminden gowragyny alan çepçi-merkezçi Sosialistik partiýanyň wekili Antoniu Žoze Seguru öňe saýlandy. Garaşylmadyk netije bolsa, aşa sagçy “Şega” (Chega) partiýasynyň lideri Andre Wenturanyň sesleriň köpüsini alyp, ikinji orny eýelemegi boldy.
Ýurtda Prezident saýlanmak üçin 50 göterimden köp ses almak şerti ýerine ýetirilmändiği sebäpli, 8-nji fewralda saýlawyň ikinji tapgyry geçiriler. Onda iň köp ses alan iki dalaşgär — Seguru we Wentura özara bäsleşer. Belläp geçmeli zat, Portugaliýada iň soňky gezek beýle ýagdaý 1986-njy ýylda bolup geçipdi.
Täze saýlanjak Baştutan, konstitusiýa laýyklykda, iki möhletini tamamlan Marselu Rebelu de Souzanyň ornuna geçer. Portugaliýanyň syýasy ulgamynda Prezident parlamenti ýatyrmak we kanun taslamaryny weto etmek ýaly wajyp ygtyýarlyklara eýedir.
PDF









